Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5560-njy madda)
Türkmenistanyň territoriýasynda hemra telegepleşigini guramak baradaky döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin:
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Radio we telewideniýe önümçilik birleşiginiň baş direktory Zaur Jafarowiç Alekperowy;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Radio we telewideniýe önümçilik birleşiginiň seh başlygy Haýytbaý Muminowy;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Radio we telewideniýe önümçilik birleşiginiň laboratoriýasynyň inženeri Narguly Narbaýewi;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Radio we telewideniýe önümçilik birleşiginiň «Orbita» stansiýasynyň başlygy Anatoliý Aleksandrowiç Babury «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 2-nji apreli
№ PP-2168