Ýoldaş K. Ataýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş K. Ataýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 8, 5134-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, garaşsyzlyk we milli galkynyş ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli Watany söýmek ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy ýoldaş Kakabaý Ataýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 20-nji awgusty
№ PP-1890