«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
010.200.040
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 2, 5490-madda)
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, türkmen hem-de eýran halklarynyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Akber Haşemi - Rafsanjanini «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 17-nji fewraly
№ PP-2139