Gurluşyk ýol-gurluşyk pudaklarynyň işgärlerini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurluşyk ýol-gurluşyk pudaklarynyň işgärlerini «Gaýrat»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4067-nji madda)
Tejen-Sarahs aralygyndaky täze demir ýolunyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin:
«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Büzmeýindäki ýol - gurluşyk materiallaryny çykarmak baradaky kombinatynyň asfalt - beton zawodlarynyň gaýnadyjysy Annageldi Jöwlanowy;
«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Marydaky ýol - gurluşyk trestiniň № 4 ýol - gurluşyk uprawleniýesiniň buldozer maşinisti Aleksandr Wasilýewiç Kislýakowy;
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmengurluşyktrans» trestiniň panel daşaýjysynyň sürüjisi Haýtmyrat Gurbangylyjowy;
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Santehelektromontaž» önümçilik birleşiginiň Çärjewdäki «Elektromontaž» aksioner jemgyýetiniň elektromontažçylar brigadasynyň brigadiri Wiktor Filippowiç Purynzini;
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministriniň orunbasary Aga Myradowiç Şanyýazowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 31-nji maýy
№ PP-1825