Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň ýol pudagyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň ýol pudagyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň ýol pudagyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2886-njy madda)

Türkmenistanyň ýol pudagynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň, önümçilik bazasyny pugtalandyrmak we ýol infrastrukturasyny ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1996 ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkaly geçip gitmäge ygtyýarnamalaryň resmileşdirilendigi üçin daşary ýurt döwletleriniň awto-transport serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberleri deň paýlarda Türkmenistanyň walýuta rezerwine we «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň walýuta sçýotuna geçirilýär diýip bellemeli.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň walýuta sçýotuna geçirilýän serişdeleri ýol-gurluşyk tehnikasyny satyn almak üçin peýdalanmaga Konserne ygtyýar bermeli.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995–nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran № 1559 Permanynyň 4 punktuny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«4. Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkaly geçip gitmäge ygtyýarnamalaryň resmileşdirilinligi üçin daşary ýurt döwletleriniň awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygymlar ABŞ-nyň dollarlarynda ýa-da islendik erkin konwertirlenilýän walýutada alynýar hem-de deň paýlarda Türkmenistanyň walyuta rezerwine we «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň walýuta sçýotuna geçirilýär.

Türkmenistanyň walýuta rezerwine geçirilen serişdeler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça konwertirlenilýär we Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine gönükdirilýär».

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 11-nji dekabry

№ PP-1685