W. Gurbangulyýew, G. Nurberdiýew we K. Pollyýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
W. Gurbangulyýew, G. Nurberdiýew we K. Pollyýew
ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2884-nji madda)
Ýokary önümçilik üstünlikleri üçin we Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazaňjykdaky lokomotiw deposynyň döredilen güňüniň 100 ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň teplowozlary abatlamak boýunça slesary Welmämmet Gurbangulyýewe,
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň teplowozlary abatlamak boýunça brigadiri Garaja Nurberdiýewe,
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň teplowozlary abatlamak boýunça slesary Kömek Pollyýewe «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 11-nji dekabry
№ PP-1683