Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komiteti ýatyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat
baradaky komiteti ýatyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 2, 5482-nji madda)
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komiteti ýatyrmaly.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komitetiň ýatyrylmagy bilen baglanyşyklylykda şu Komitetetiň düzümindäki wezipe sany dört birlikden ybarat bolan döredijilik işi boýunça bölümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň düzümine bermeli.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Metbugat baradaky döwlet komitetini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komitete öwürmek hakynda» 1992 ýylyň 10 awgustynda çykaran № 541 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 11-nji fewraly
№ PP-2122