Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P Е R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 1, 5418-nji madda)

Işde görkezen ýokary görkezijileri, bank sistemasyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň bäş ýyllygy mynasybetli karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň operasion uprawleniýesiniň başlygy Akmyrat Nurmyradowiç Babaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň utgaşdyryş we çaklaýyş departamentiniň başlygy Lýudmila Grigorýewna Lazarewa,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet we bank kreditleri hem-de kepillendirmeleri departamentiniň kredit operasion bölüminiň başlygy Tamara Kairowna Didenko,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara hasaplaşyklary departamentiniň walýuta hasaba alşy bölüminiň başlygy Bahar Haşymowna Tyllaýewa «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ PP-2107