B. A. Rustamow we H. Amedow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
B. A. Rustamow we H. Amedow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly
bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 10, 2823-nji madda)
Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandy, köp ýyllap ak ýürekli zähmet çekendigi, hünär ussatlygy hem-de gazanan ýokary önümçilik üstünlikleri üçin:
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitsenagat» konserniniň Ekerem gözleg buraw işleri uprawleniýeniň burawlaýjysy Baýrammämmet Ataýewiç Rustamowy,
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konserniniň Priçal tehnologiýa transporty uprawleniýesiniň traktorçysy Hallymämmet Amedowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 25-nji oktýabry
№ PP-1654