Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

G. Arawoz, S. Durdyýew, Ş. Ýegşemow, S. Hallyýew, H. Ýanykow ýoldaşlary«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

G. Arawoz, S. Durdyýew, Ş. Ýegşemow, S. Hallyýew, H. Ýanykow ýoldaşlary«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

G. Arawoz, S. Durdyýew, Ş. Ýegşemow, S. Hallyýew, H. Ýanykow ýoldaşlary«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 10, 2822-nji madda)

Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyny ösdürmäge goşan uly doşandy, köp ýyllap we önjeýli zähmet çekendigi, Körpeje nebit-gaz känini senagat taýdan özleşdirmekde gazanan üstünlikleri üçin:

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konserniniň «Nebitýöritemontažgurluşyk» trestiniň Priçal tehnologik transport uprawleniýesiniň başlygy Garaja Arazowy,

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş uprawleniýesiniň nebit we gaz çykarmak boýunça operatory Sapardurty Durdyýewi,

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konserniniň tamponaž uprawleniýesiniň Guýjykdaky sehiniň skwažinalary sementlemek boýunça maşinisti Şahman Ýegşemowany,

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konseriniň Guýjyk gözleg buraw upraýeleniýesinden burawlaýjynyň kömekçisi Salyh Hallyýewi,

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebitgazsenagat» konserniniň «Nebitýöritemontažgurluşyk» trestiniň gurşyk-montaž uprawleniýesiniň elektrik bilen kebşirleýjisi Hojageldi Ýanykowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ PP-1653