Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Iş hakynyň we pensiýalaryň iň az möçberi hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Iş hakynyň we pensiýalaryň iň az möçberi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Iş hakynyň we pensiýalaryň iň az möçberi hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 12, 2303-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.09.1996 ý. çykaran № PP-1917 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1-nji punkty Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.09.1996 ý. çykaran № PP-1917 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

2. Erkek adamlar 60 ýaşa, aýallar 55 ýaşa ýeten mahaly degişlilikde 25 we 20 ýyl iş stažy bolanynda ýaşy boýunça pensiýa iş hakynyň 60 prosentine barabar möçberde bellenilýär diýip bellemedi.

3. «Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 13-nji maýynda çykaran № 1230 Permany güýjüni ýitnren diýip hasap etmeli

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ PP-1439