Türkmenistanyň territoriýasynda alternatiw (zähmet) gullugyny ýatyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň territoriýasynda alternatiw (zähmet) gullugyny
ýatyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 12, 2298-nji madda)
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Alternatiw (zähmet) gullugyna graždanlaryň çagyrylyşyny 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýatyrmaly. Öň alternatiw (zähmet) gullugyna çagyrylan graždanlar bellenilen möhlet tamamlanýança bu gullugy geçýärler diýip bellemeli.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde goşunlaryň inžener-tehniki üpjünçiligi podrazdeleniýelerini bellenilen sanyň çäklerinde döretmeli.
3. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi:
1995-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlaryň inžener-tehniki üpjünçiligi podrazdeleniýederiniň strukturasyny we bu podrazdeleniýeler hakyndaky düzgünnamanyň proýektini tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidir;
gyzyklanýan ministrlikler we wedomstwolar bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamalydyr hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidir.
4. «Türkmenistanyň territoriýasynda alternatiw (zähmet) gullugyny girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran № 494 Permanynyň 1-5 punktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 26-njy dekabry
№ PP-1434