Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Amnistiýa hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Amnistiýa hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Amnistiýa hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 9, 2781-nji madda)

Ynsanperwerlik ýörelgeleriki goldanyp, karar edýärin:

1. Şu iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly:

a) aýallary;

b) 1 we II toparlardaky inwalidleri;

w) inçekeseliň aktiw görnüşi (dispanser hasaba alşyň birinji topary), II, III, IV topardaky ýaramaz meýilli onkologik keseller bilen kesellän adamlary.

2. Iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikleri we 18 ýaşa çenli ýaşda jenaýat eden adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

3. Şu iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly:

a) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we Watanyň bähbitlerini goramak baradaky söweş hereketlerine gatnaşan hem-de internasional borjuny ýerine ýetiren adamlary, şeýle hem 1941-1945 ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründe janypkeşlikli çeken zähmeti üçin SSSR-iň ordenleri we medallary, edermençilikli zähmeti üçin ordenler we medallar bilen sylaglanan adamlary;

b) 60 ýaşdan geçen erkek adamlary.

4. Şulary jeza çekmekden boşatmaly:

a) seresapsyzlyk zerarly jenaýat eden, 8 ýyla çenli we 8 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary;

b) bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin 5 ýyla çenli we 5 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary.

5. Bellenilen jeza möhletine garamazdan, şu Permanyň güýje giren gününe çenli galan möhleti 1 ýyldan köp bolmadyk iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly.

6. Şertli iş kesilenleri, hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri, zähmete hökman çekmek bilen, azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilenleri, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden zähmete hökman çekmek bilen, şertli boşadylanlary, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly.

7. Seresapsyzlyk zerarly eden jenaýatlary üçin düzgün-nyzam batalonyna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.

8. Şu Permanyň 1-4, 6, 7 maddalarynda sanalyp geçilen we 10-12 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlar barasynda şu Permanyň güýje girmezinden ozal edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňew işlerini we sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly.

9. Şularyň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly kemeltmeli:

a) seresapsyzlyk zerarly jenaýatlary eden, 8 ýyldan ýokary möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we şu Permanyň 1-3 we 5 maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň -ýarpy möçberinde;

b) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 5 ýyldan köp we 8 ýyla çenli hem-de 8 ýyl möhlete iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-3 we 5 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň - ýarpy möçberinde;

w) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 8 ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-3 we 5 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň üçden bir bölegi möçberinde.

10. Şu Permanyň 1 maddasynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 maddalarynda göz öňünde tutulan aýratyn howply döwlet jenaýatlaryny, şeýle hem 75 maddasynda (banditizm), 77 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda edilen kontranbanda), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýda bilkastdan adam öldürmek), 107 (bilkastdan adam öldürmek), 110 (enäniň täze dogan çagany bilkastdan öldürmegi) maddalarynda, 113 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 126 (beçebazlyk), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 257 naddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy), 260 maddasynda (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere.

11. Şu Permanyň 2 maddasynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 maddalarynda göz öňünde tutulan aýratyn howply döwlet jenaýatlaryny, şeýle hem 75 maddasynda (banditizm), 77 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda edilen kontrabanda), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýlmegi) maddalarynda, 98 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107 (bilkastdan adam öldürmek) maddalarynda, 113 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda syna bilkastdan agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 126 (beçebazlyk), 157 (garakçglyk etmek) maddalarynda, 159 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddasynda, 243 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda transport serişdelerini alyp gaçmak), 257 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy), 257-2 (neşe maddalarynyň oguranmagy) maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatlary eden iş kesilenlere;

b) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere.

12. Şu Permanyň 3-9 maddalarynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 (aýratyň howply döwlet jenaýatlary), 75 (banditizm), 76 (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77 (kontrabanda), 78 (köpçülikleýin tertipsizlikler), 79 (hakyky harby gulluga nobatdaky çagyryşdan boýun gaçyrmak), 85 (gatnaw ýollaryny we transport serişdelerini zaýalamak), 86 (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerleşdirmek), 88 (döwlete garşy jenaýatlary habar bermezlik), 89 (döwlete garşy jenaýatlary ýaşyrmak) maddalarynda, 90 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda iýilmegi), 91 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talaňçylyk arkaly iýilmegi), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi) maddasynda, 94 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň ogurlyk, talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýilmegi) maddasynda, 98 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 101 maddasynyň ikinji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bikastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107 (bilkastdan adam öldürmek), 113 (syna bilkastdan agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 125 (azgynçylyk hereketleri), 126 (beçebazlyk), 135 (çagany ogurlamak ýa-da çalşyrmak), 136-1 (adamlary girewine almak) maddalarynda, 155 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talamak), 157 (garakçylyk etmek) maddasynda, 158 maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk etmek), 159 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 163 maddasynyň ikinji böleginde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 194 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda para almak), 202 (görnetin ýalan şugullamak), 203 (göz-görtele ýalan görkeziş bermek, ýalan zaklýuçeniýe bermek ýa-da nädogry terjime etmek), 204 (şaýadyň ýa-da heläkçilik çekeniň görkeziş bermekden boýun gaçyrmagy, ýa-da ekspertiň ýa-da terjimeçiniň öz üstlerine ýüklenen borçlardan ýüz döndermekleri), 213 (jenaýatlar hakynda habar bermezlik), 214 (jenaýatlary ýaşyrmak), 214-3 (jemgyýetçilik tertibini bozýan toparlaýyn hereketleri guramak ýa-da şolara işeňňir gatnaşmak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 236 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (zannyýamançylykly we aýratyn zannyýamançylykly huligançylyk etmek), 239 (kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýatly işe çekilmegi), 239-2 (kämillik ýaşyna ýetmedikleri dermanlyk we beýleki serişdeleri baş aýlanmaga getirýän ýagdaýlarda medisina dahylsyz sarp etmäge çekmek) maddalarynda, 243 maddasynyň ikinji we uçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda transport serişdelerini alyp gaçmak), 244-2 (demir ýoluň hereket edýän sostawyny, howa, deňiz ýa-da derýa gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, porty ýa-da gaýry transport kärhanalaryny basyp almak, ýükleri basyp almak), 249 (atylýan ýaragy, söweş ok-därilerini we partlaýjy maddalary bikanun ýerlemek), 250 (atylýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak), 257 (neşe maddalarynyň ýerlemek maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy) maddalarynda, 257-1 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda satmazlyk maksady bilen neşe serişdelerine bikanun çemeleşilmegi), 257-2 (neşe maddalarynyň ogurlanylmagy), 259-3 (neşe maddalaryny ulanmak üçin neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 259-5 (köpçülikleýin çäreler geçirilen mahaly neşe serişdelerini sarp etmegi guramak), 260 (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek) maddalarynda, on birinji babynda (goşunçylyk jenaýatlary) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) bilkastlaýyň jenaýat üçin ozal iş kesilen we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat eden adamlara;

w) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere;

g) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;

d) jeza çekmek üçin koloniýalardan türmä geçirilenlere.

13. Şu Permanyň 1 maddasynyň «a» punktunyň we 2-8 maddalarynyň güýjüni ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmadyk, şeýle hem esassyz baýamagyň möçberlerini tölemedik adamlara degişli etmeli däl.

14. Şu Permanyň güýji goşunçylyk jenaýatlaryny eden adamlara we bilgeşleýiň jenaýatlary edenligi üçin iş kesilen harby gullukçylara degişli edilmeýär.

15. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar, şu Permanyň 1 we 2 maddalarynda sanalyp geçilen adamlar muňa girmeýär.

Şu Permanyň 1 we 2 maddalarynda sanalyp geçilen, eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty soňra bejerişi ýaşaýan ýerinde hökman dowam etdirmek bilen ulanylýar.

16. Jeza çekýän wagtynda birinji gezek tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyndan gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun gaçyran hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1 maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmege degişlidir.

17. Amnistiýa ulanylan adamlara, eger olar özleri barada amnistiýa akty ulanylanyndan soň jezasynyň çekilmedik böleginiň dowamynda täzeden bilkastdan jenaýat etseler, onda suduň täze höküm boýunça bellenilen jeza çäresine öňki höküm boýunça bellenilen jeza çäresiniň çekilmedik bölegini degişlilikde dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşjakdygy barada ýazmaça duýduryş berilýär.

18. Türkmenistanyň sudlary tarapyndan, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.

19. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 15-nji sentýabry

№ PP-1635

References