Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç. Çženşeni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç. Çženşeni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 3098-nji madda)
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşan şahsy goşandy üçin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç. Çženşeni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 22 - nji apreli
№ PP-1791