«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 7, 2654-nji madda)
Jemgyýetçilik tertibini goran mahaly gulluk wezipelerini ýerine ýetirende görkezen şahsy mertligi üçin, milisiýanyň uly leýtenanty Garabaý Kömekowy (merhum) we milisiýanyň leýtenanty Öre Orazgeldiýewi (merhum) «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 6-njy iýuly
№ PP-1574