Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama goşmaçalar girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama
goşmaçalar girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 7 , 2653-nji madda)
«Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidenitiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran № 250 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyn döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnamanyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1992 ý., № 1, 4 madda) 10-njy punktunyň «a» podpunktunda «edilişine» diýen sözden soň otur goýup, «şeýle hem ilata alkogol1y önümleriň satylyşyna» diýen sözleri goşmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 1-nji iýuly
№ PP-1573