Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Saglygy saklaýyş işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Saglygy saklaýyş işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 11, 2321-nji madda)

Ilatyň saglygyny goramak babatda köp ýyllap ak ýürekli zähmet çekendigi we bitiren hyzmatlary üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly;

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň sanitariýa-epidemiologiýa bölüminiň naçalnigi Jumaguly Akmämmedowa,

Türkmsnistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň Merkezi kliniki psihatriki keselhanasynyň baş hekimi Çaryýar Çopanowa,

N. I. Pirogow adyndaky Merkezi kliniki keselhanasynyň neýro-hirurgiýa bölüminiň müdiri Amanmuhammet Annabaýewe,

Aşgabat şäheriniň stomatologiýa keselhanasynyň baş hekimi Muhammedoraz Moşşyýewe.

Ahal welaýatynyň Gökdepe merkezi etrap keselhanasynyň baş hekimi Sapardurdy Annadurdyýewe,

Balkan welaýat keselhanasynyň trawmatologiýa bölüminiň müdiri Rejepdurdy Baýramowa,

Lebabyň oftalmologiýa keselhanasynyň baş hekimi Rozygeldi Pirnazarowa,

Mary welaýat keselhanasynyň baş hekimi Durdymyrat Berdimyradowa,

Daşhowuz welaýat keselhanasynyň hekim-hirurgy Tagan Haljykowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 30-njy noýabry

№ PP-1421