Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2624-nji madda)

(Türkmenistanyz Prezidentiniň 27.12.1995 ý. çykaran № PP-1700 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Ilatyň durmuş derejesini we önümçilik pudaklarynyň işleriniň maddy taýdan gyzyklanmagyny ýokarlandyrmak maksad bilen, karar edýärin:

1,2, 3, 5 we 7 punktlary Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.12.1995 ý. çykaran № PP-1700 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

4. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi ministrlikleriň, wedomstwolaryň, häkimlikleriň hem-de olaryň özbaşdak uprawniýeleriniň we bölumleriniň merkezi apparatlary üçin zähmete hak tölemegiň ýyllyk fondlaryny bellemelidir.

6. Döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de administratiw-dolandyryş işgärleriniň wezipe iş haklary önümçiligiň möçberlerine we hojalyk işiniň netijeliligine baglylykda ýokarda durýan dolandyryş organy bilen ylalaşylyp bellenilýär diýip bellemeli.

8. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

«Zähmete hak tölemegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran № 2025 kararyny, 4-nji punkt muňa girmeýär;

«Döwlet gullukçylarynyň wezipe iş haklary hakynda» Turkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran № 2027 kararyny, 23-26-njy tablisalar muňa girmeýär;

«Zähmete hak tölemegi düzgünleşdirmegiň çäreleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykaran № 1781 kararynyň 1-nji punktunyň ikinji abzasyny we 2-nji punkyny;

«Pensiýalaryň, stipendiýalaryň, kömek pullarynyň we beýleki sosial tölegleriň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran № 2026 kararynyň 3-punktunyň birinji we ikinji abzaslaryny we 12-nji punktuny;

Doktorantlaryň, aspirantlaryň we okuwçy ýaşlaryň stipendiýarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran № 2116 kararynyň 1-nji we 2-nji punktlaryny;

«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygy mynasyybetli Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine we oňa gatnaşyjylara, tylyň zähmetkeşlerine we esgerleriň dul galan aýallaryna goşmaça ýeňillikler hakynda» № 2202 kararynyň 1-nji punktunyň «w» podpuktuny we 8-nji punktuny.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 21-nji iýuny

№ PP-1561