Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň territoriýasyna gelýän awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň territoriýasyna gelýän awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň territoriýasyna gelýän awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2622-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.12.1995 ý. çykaran № PP-1685 we 11.09.1998 ý.

çykaran № PP-2620 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

1. 1995-nji ýylyň 1-nji iýulundan başlap daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň territoriýasynyň üsti bilen tranzit arkaly geçýän daşary ýurt döwletleriniň awtotransport serişleleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmeli.

2. Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkaly geçmäge ygtyýarnamalaryň resmileşdirilendigi üçin daşary ýurt döwletleriniň awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagyň tertibi hakyndaky düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3. Türkmenistana gelmek we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkary geçmek üçin ygtyýarnamalary resmileşdirmegi Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrliginiň «Türkmentransikspeksiýa» döwlet kärhanasynyň, ygtyýarnamalaryň resmileşdirilendigi üçin ýygymy tutup almagy bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň üstüne ýüklemeli.

4. Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkaly geçip gitmäge ygtyýarnamalaryň resmileşdirilinligi üçin daşary ýurt döwletleriniň awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygymlar ABŞ-nyň dollarlarynda ýa-da islendik erkin konwsrtirlenilýän walýutada alynýar hem-de deň paýlarda Türkmenistanyň walýuta rezerwine we «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň walýuta sçýotuna geçirilýär.

5. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy girizilýän ýygymyň wagtynda we dolulygyna tölenilmegine kontrollygy ýola goýmalydyr.

6. Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy şu Düzgünnamany ulanmagyň tertibi hakyndaky gollanmany taýýarlamalydyr.

7-nji punkty Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.09.1998 ý. çykaran № PP-2620 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 21-nji iýuny

№ PP-1559

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1995-nji ýylyň 21-nji iýunynda

çykaran № PP-1559 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkal geçmäge ygtyýarnamanyň resmileşdirilendigi üçin daşary ýurt döwletleriniň awtotransport rerişdeleriniň eýelerinden ýygym almagyň tertibi hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Transport serişdeleri Türkmenistana gelýän ýa-da onuň territoriýasy boýunça tranzit arkaly geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýuridik taraplary we graždanlary ýygymy töleýjiler bolup durýarlar.

GDA-nyň döwletleriniň awtotransport serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagyň tertibi degişli hökümetara ylalaşyklary arkaly düzgünleşdirilýär.

2. Türkmenistana gelmäge we onuň territoriýasy boýunça tranzit arkary geçmäge ygtyýarnamanyň resmileşdirilendigi üçin daşary ýurt döwletleriniň awtopransport serişdelriniň eýelerinden ýygym Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilen mahaly alynýar.

3. Awtotransport serişdeleriniň gelmegine ýa-da tranzit arkaly geçmegine ygtyýarnamanyň resmileşdirilendigi üçin ýygym awtotransport serişdesiniň kysymyna, onuň ýük göterijiligine (göwrümine) baglylykda şu möçberlerde tutulyp alynýar:

a) şeýle ýük göterijiligi bolan ýük awtotransport serişdeleri:

10 tonna çenli - ABŞ-nyň 50 dollary

10-dan 20 tonna aralygy - ABŞ-nyň 100 dollary

20 tonnadan ýokary - ABŞ-nyň 150 dollary;

b) oturmaga ornunyň sany bolan awtobuslar:

12-den az oturylýan orny bolan - ABŞ-nyň 25 dollary

13-den 30 oturylýan orny bolan - ABŞ-nyň 50 dollary;

30-dan artyk oturylýan orny bolan- ABŞ-nyň 100 dollary

w) ýeňil awtomobiller - ABŞ-nyň 30 dollary;

g) motosikller - ABŞ-nyň 15 dollary.»

4. Uly göwrümli we agyr ýükleri Türkmenistanyň territoriýasy boýunça daşamak üçin kanunlar arkaly bellenilen tertipde ýörite ygyýarnamanyň alynmagy zerurdyr.

Agyr agramly transport serişdelerine umumy agramy 50 tonnadan köp bolan ýa-da bir oka 16 tonnadan köp agram düşýän awtotransport serişdeleri degişlidir, uly göwrümlili transport serişdeleri uzynlygy boýunça 18 metrden, ini boýunça 2,5 metrden, beýikligi boýunça 4,0 metrden geçýän transport serişdeleri degişlidir.

5. Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtomobilleriniň sürüjileri Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrliginiň «Türkmentraninspeksiýa» döwlet kärhanasynyň işgärleriniň serhetde beren, bellenilen geçiş marşrutyny berk berjaý etmäge borçludyr.