Hormatly atlary dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Hormatly atlary dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 3, 3033-nji madda)
«10 ýyl abadançylyk» programmasyny durmuşa geçirmäge goşan uly şahsy goşandy, bitarap we garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, oba hojalygynda, biliminde, medeniýetinde we sungatynda gazanan ýokary önümçilik üstünlikleri hem-de ýokary hünär ussatlygy üçin we Halkara aýallar gününiň baýram edilip bellenilmegi mynasybetli, şu aşakdakylara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:
«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri»
Galina Alekseýewna Atajanowa - Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky S. A. Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynyň dokmaçysy,
Antonina Wasilýewna Kondraşina - «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Marydaky ýüň ýuwýan fabriginiň partiýa komitetiniň sekretary,
Lola Baýramowna Ubaýewa - Türkmenistanyň dokma senagat ministrliginiň Çärjewdäki Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky ýaglyk kärhanasynyň dokmaçysy;
«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy»
Ejegyz Ataýewa - Ahal welaýatynyň «Ahalobagurluşykkomplekt» birleşiginiň № 1 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň reňkleýjisi- suwagçysy;
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»
Amanbibi Bakyýewa - «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky haly fabriginiň halyçysy,
Annajeren Kulyýewa - «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky haly fabriginiň halyçysy;
«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri»
Baýramgül Atamedowa - Daşhowuz welaýatynyň Tagta etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy,
Gurbangözel Abdyrahmanowa - Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi,
Saparsoltan Ýazgulyýewa - Daşhowuz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň başlygy;
«Türkmenistanyň at gazanan halk magaryf işgäri»
Walentina Işangulyýewna Annagulyýewa - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Tejendäki çagalar öýüniň direktory;
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»
Annabibi Yslamowa - Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymasy.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 5-nji marty
№ PP-1749