Daýhan birleşiklerini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daýhan birleşiklerini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2620-nji madda)
Ykdysady reformanyň Maksatnamasyna laýyklykda we oba hojalygynyň guralyşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen karar edýärin:
1. Kolhozlary dargatmaly, sowhozlary, hojalygara hem-de beýleki döwlet oba hojalyk kärhanalaryny ýatyrmaly we olaryň bazasyny daýhan birleşiklerini döretmeli.
2. Kolhozlara, sowhozlara, hojalygara hem-de beýleki döwlet hojalyk kärhanalaryna degişli bolan ýer uçastoklaryny, şeýle hem olaryň esasy fondlaryny, emlägini, pul serişdelerini, beýleki maliýe aktiwlerini degişli daýhan birleşikleriniň peýdalanmagyna we doly hojalyk dolanyşygyna bermegi ýola goýmaly.
3. Şu Perman gol çekilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 15-nji iýuny
№ PP-1557