Ýoldaş J. L. Smelýanskaýa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş J. L. Smelýanskaýa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2273-nji madda)
Türkmen milli horeografiýasyny ösdürmäge, ýokary hünärli estrada kadrlaryny taýýarlamaga garaşsyz Türkmenistanyň sungatyny, estradasyny we kinosyny daşary ýurtlarda işeňňirlik bilen wagyz etmäge goşan şahsy goşandy üçin, Russiýanyň teatr sungaty akademiýasynyň dosenti Janna Leonidowna Smelýanskaýa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 31-nji oktýabry
№ PP-1366