Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2261-nji madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we sosial-ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin:

Daşhowuz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji Oktýabr» sowhozynyň mehanizatory Toýly Esenowiç Jumageldiýewi,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J. Mähremow adyndaky kolhozynyň mehanizatory Meretgeldi Rahmanowy,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky kolhozynyň mehanizatory Annanur Hojadurdyýewi,

Mary welaýatynyň Guşgy etrabynyň «Ýeňiş» sowhozynyň direktory Ahmet Hudaýnazarowiç Akynyýazowy,

«Balkannebithimsenagat» konserniniň «Nebitdagnebit» nebit çykaryjy uprawleniýesiniň prokat-remont sehiniň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Akmämmet Annagulyýewi,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky haly fabriginiň halyçysy Orazbibi Gurbangeldiýewany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 11-nji oktýabry

№ PP-1353