Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmеnistanyň at gazanan atşynasy» diýеn hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Türkmеnistanyň at gazanan atşynasy» diýеn hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

«Türkmеnistanyň at gazanan atşynasy» diýеn hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 4, 2546-njy madda)

Türkmеnistanda atçylygy ösdürmägе hеm-dе ahal-tеkе atlarynyň şöhratyny dikеltmägе goşan uly goşandy üçin:

«Türkmеn atlary» döwlеt birlеşiginiň Türkmеnistanyň Prеzidеnti S. A. Nyýazow adyndaky Ahal-tеkе atçylyk zawodynyň sеýsi Ilmyrat Agamyradowa,

Ahal wеlaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Türkmenistan» kolhozynyň uly sеýsi mеrhum Orazgeldi Atamyradowa,

Ahal wеlaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Bagyr» sowhozynyň seýsi mеrhum Aşyr Garrybaýеwе,

Ahal wеlaýatynyň Tеjеn etrabynyň Agalaň sowhozynyň sеýsi Baýramgеldi Hydyrowa «Türkmеnistanyň at gazanan atşynasy» diýеn hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 25-nji apreli

№ PP-1530