H. Diwangulyýew, N. Hojageldiýew, G. Şamyýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
H. Diwangulyýew, N. Hojageldiýew, G. Şamyýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 9, 2214-madda)
Türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan uly goşandy, garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini öz döredijiliginde beýan edendigi we ýokary hünär ussatlygy üçin:
ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýewe,
ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewe,
ýazyjy Gowşut Şamyýewe «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 27-nji sentýabry
№ PP-1336