Ýoldaş M. Nyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Ýoldaş M. Nyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 2, 2436-njy madda)
Talyp ýaşlary okatmaga we terbiýelemäge goşan uly goşandy, bedenterbiýede hem-de sportda gazanan üstünlikleri üçin, Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň göreş we başa-baş bäsleşik kafedrasynyň müdiri ýoldaş Muhammet Nyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 27-nji fewraly
№ PP-1501