Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisiniň deklarirlenilmegi hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisiniň deklarirlenilmegi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisiniň deklarirlenilmegi hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 2, 2414-nji madda)

Türkmenistanyň wezipeli adamlarynyň girdejilerine kontrollygy bellemek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dolandyryş organlarynyň, Döwlet korporasiýalarynyň, konsernleriniň, birleşikleriniň, uprawleniýeleriniň, maliýe-kredit hem-de strahowaniýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisiniň deklarirlenilmeginiň 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap girizmeli.

2. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisiniň deklarirlenilmegi hakyndaky goşulýan Düzgünnamany tassyklamaly.

3. Jemi ýyllyk girdejiniň deklarirlenilmeginiň geçirilmegine kontrollyk etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kontrollyk gullugynyň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 1-nji fewraly

№ PP-1478

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1995-nji ýylyň 1-nji fewralynda

çykaran № PP-1478 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýylyk girdejisini deklarirlemek hakynda

DÜZGÜNNAMA

Şu Düzgünnama Döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň, Döwlet korporasiýalarynyň, konsernleriniň, birleşikleriniň, uprawleniýeleriniň, maliýe-kredit hem-de strahowaniýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň jemi ýyllyk girdejisini deklarirlemegiň tertibini kesgitleýär.

1. Döwlet häkimiýet we dolaýadyryş organlarynyň ýolbaşçylaryna şu aşakdakylar degişlidir:

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Başlygyň orunbasarlary;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary;

ministrler we komitetleriň başlyklary;

ministrleriň we komitetleriň başlyklarynyň orunbasarlary;

Baş prokuror, Baş prokuroryň orunbasarlary;

Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň Başlygy, Başlygyň orunbasarlary we Agzalary;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary;

şäherleriň we etraplaryň häkimleri;

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dolandyryş organlarynyň, Döwlet korporasiýalarynyň, konsernleriniň, birleşikleriniň, uprawleniýeleriniň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de olaryň orunbasarlary.

2. Jemi ýyllyk girdejiniň düzüminde deklarirlenilýän döwrüň dowamynda Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda pul (milli hem-de daşary ýurt walýutasynda) görnüşinde hem, natura görnüşinde hem alnan girdejiler göz öňünde tutulýar.

3. Deklarasiýa deklaraýatyň hasabat döwrüniň dowamynda alan hemme girdejileri hakyndaky ähli maglumatlary özünde jemleýär.

Jemi ýyllik girdeji hakyndaky deklarasiýa Jemi ýyllyk girdeji hakyndaky deklarasiýany doldurmak baradaky görkezme laýyklykda (№ 2 goşundy) ýörite blankada (№ 1 goşyndy) hasabat döwrüniň jemleri boýunça deklarant tarapyndan doldurylýar we hasabat döwri üçin indiki ýylyň Baýdak aýynyň 1-ne çenli möhletde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kontrollyk gullugyna berilýär.

4. Jemi ýyllyk girdeji hakyndaky deklarasiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň Kontrollyk gullugynda registrasiýa edilýär we saklanylýar.

Deklarirlenilen girdejiler hakyndaky maglumatlar konfidensial häsiýete eýedir we aýan edilmäge degişli däldir.

Jemi ýyllyk girdejini deklarirlemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995- nji ýylyň

1-nji fewralynda çykaran № PP-1478

Permany bilen tassyklanylan Düzgünnama

№ 1 Goşundy

199__- NJI ÝYL ÜÇIN JEMI ÝYLLYK GIRDEJI HAKYNDA

DEKLARASIÝA

I. UMUMY MAGLUMATLAR

I. UMUMY MAGLUMATLAR

1 Familiýasy____________ Ady ____________ Atasynyň ady___________

1

Familiýasy____________ Ady ____________ Atasynyň ady___________

2 Esasy iş ýeri boýunça eýeleýän wezipesi___________________________

2

Esasy iş ýeri boýunça eýeleýän wezipesi___________________________

3 Hemişelik ýaşaýan ýerindäki poçta adresi________________________

3

Hemişelik ýaşaýan ýerindäki poçta adresi________________________

4 Şu Deklarasiýa berilýän döwür: «___»___________199 ýyldan «___»___________ 199 ý. aralygy

4

Şu Deklarasiýa berilýän döwür:

«___»___________199 ýyldan «___»___________ 199 ý. aralygy

II. DEKLARIRLENILÝÄN GIRDEJILER (manatalarda) MÖÇBERI

II. DEKLARIRLENILÝÄN GIRDEJILER (manatalarda)

MÖÇBERI

1 2

1

2

5 Esasy iş ýeri boýunça girdejileri 5

5

Esasy iş ýeri boýunça girdejileri

5

6 Esasy iş ýerinden daşary girdejiler 6

6

Esasy iş ýerinden daşary girdejiler

6

7 Awtorlyk hukuklaryndan we şonuň ýaly beýleki goşmaça haklardan düşen girdejiler 7

7

Awtorlyk hukuklaryndan we şonuň ýaly beýleki goşmaça haklardan düşen girdejiler

7

8 Telekeçilik işinden düşen girdejiler 8

8

Telekeçilik işinden düşen girdejiler

8

9 Işlemek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki girdejiler 9

9

Işlemek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki girdejiler

9

10 Sosial tölegler we kömek pullary 10

10

Sosial tölegler we kömek pullary

10

11 5,6,7,8,9 we 10- NJY SETIRLER BOÝUNÇA UMUMY MÖÇBER 11

11

5,6,7,8,9 we 10- NJY SETIRLER BOÝUNÇA UMUMY MÖÇBER

11

12 Daşary ýurtlarda we daşary ýurtlardan alnan girdejiler (alnan walýutada) 12

12

Daşary ýurtlarda we daşary ýurtlardan alnan girdejiler (alnan walýutada)

12

13 Şu Deklarasiýada meniň görkezen maglumatlarymyň dogrudygyny tassyklaýaryn. Senesi «___»_________199 ý. Goly:_______________

13

Şu Deklarasiýada meniň görkezen maglumatlarymyň dogrudygyny tassyklaýaryn.

Senesi «___»_________199 ý. Goly:_______________

14 Deklarasiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň Kontrollyk gullugynyň reristrasiýa edildi «___»_____________199 ý. №_________

14

Deklarasiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň Kontrollyk gullugynyň reristrasiýa edildi «___»_____________199 ý. №_________

15 Jogapkär işgäriň goly ____________

15

Jogapkär işgäriň goly ____________

Jemi ýyllyk girdejini deklarirlemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1995-nli ýylyň 1-nji fewralynda çykaran

№ PP- 1478 Permany bilen tassyklanylan

Düzgünnama № 2 goşundy

Jemi ýyllyk girdeji hakynda deklarasiýany düzmegiň tertibi hakynda

GÖRKEZME

Sanawy Jemi ýyllyk girdejini deklarirlemek hakyndaky düzgünnamada kesgitlenilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylarynyň hakykatda alan jemi ýyllyk girdejileri hakyndaky şu Deklarasiýa şu aşakdaky tertipde düzülýär.

I BÖLÜMIŇ 1-4-NJI SETIRLERI BOÝUNÇA degişlilikde deklarasiýa berýän adamyň (deklarantyň) familiýasy, ady we atasynyň ady; öz eýeleýän wezipesi hem-de esasy iş ýeri; onuň hemişelik ýaşaýan ýeriniň anyk poçta adresi; şu Deklarasiýa berilýän döwür görkezilýär.

II BÖLÜM deklarant tarapyndan alynýan girdejileriň ähli görnüşleriniň görkezilen möçberleri boýunça manatlarda doldurylýar.

Şu bölümiň 5-nji SETIRINDE deklarirlenilýän döwur üçin esasy iş ýeri boýunça alnan, pul görnüşinde hem, natural görnüşde hem bolan iş haklaryndan, dürli baýrak görnüşli töleglerden, maddy kömekden, öwezini doluş töleglerinden, natural üpjünçiligiň bahasyndan dürli girdejileriň hem-de esasy iş ýeri boýunça zahmet borçlaryny ýerine ýetirendigi üçin alnan beýleki girdejileriň (işlän ýyllary üçin goşmaça haklar, iýmitiň gymmatlamagynyň öwezini doluş tölegleri, bir ýyl üçin işleriň jemleri boýunça goşmaça haklar we ulanylýan kanunlar arkaly rugsat berlen beýleki tölegler) umumy möçberi görkezilýär.

6-njy SETIRDE deklarantyň esasy iş ýerinden daşary alan girdejileriniň umumy möçberi görkezilýär. Potratçylyk şertnamalary boýunça we graždan-hukuk häsiýetindäki şertnamalar boýunça (awtorlyk şertnamasyndan başga), şeýle hem girdejileriň şu Görkmäniň 5-nji setirinde görkezilen görnüşleri degişlidir.

7-nji SETIRDE ylmy, edebiýat, sungat, arhitektura eserleriniň, açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň deklarant awtorlarynyň alan, bu eserleri redaktirlemekden hem-de resenzirlemekden alan, onuň bu eserleri döredenligi, neşir edenligi, ýerine ýetirenligi, başga usulda peýdalananlygy ýa bolmasa olary peýdalanmak hukugynyň berlenligi üçin onuň hukuk oruntutarynyň ýa-da miragdarynyň alýan girdejileri görkezilýär.

8-nji SETIRDE deklarantyň telekeçilik işinden alan girdejileriniň umumy möçberi görkezilýär. Bu babatda deklarant tarapyndan fermerçilik (daýhan) hojalygyndan alnan girdejiler we telekeçilik işinden alnan beýleki girdejiler hasaba alynýar.

9-njy SETIRDE deklarant tarapyndan iş bilen baglanyşykly bolmadyk, hususan-da aksiýalar boýunça diwidendler görnüşindäki girdejiler, şeýle hem deklarant bilen zähmet gatnaşyklarynda bolmadyk kärhanalaryň we guramalaryň emlägine paýly wznoslar hem-de paýly goýumlar üçin prosentler; pul we zat baýraklary, lotereýalar hem-de Türkmenistanyň döwlet zaýomlarynyň obligasiýalary boýunça utuşlar; Türkmenistanyň bank edaralarynda goýumlaryň ähli görnüşleri boýunça we döwlet gazna borçnamalary boýunça prosentler hem-de utuşlar; miras galan serişdeler; gymmatly kagyzlar bilen geçirilen operasiýalar boýunça girdejiler; eýeçiligi peýdalanmak hukugyny bermekden (gozgalýan ýa-da gozgalmaýan emlägi kireýine we kärendesine tabşyrmakdan) alnan girdejiler; sponsorlyk kömegi hem- de deklarant tarapyndan işi ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki girdejiler görkezilýär.

Mundan başga hem bu ýerde deklarant tarapyndan alnan baýraklaryň, sowgatlaryň (alnan senesindäki bahasy boýunça), goşmaça haklaryň we şunuň ýaly beýleki girdejileriň möçberleri görkezilýär.

Şu Deklarasiýany bermegiň möhletinden soň deklarirlenilýän döwur üçin diwidendler, prossetler we beýleki girdejiler hasaplanylan halatynda girdejileriň görkezilen görnüşleriniň indiki hasabat ýylynda deklarirlenilýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

10-njy SETIR döwlet sosial strahowaniýesi we sosial üpjünçilik boýunça, göwrelilik hem-de çaga dogmagy boýunça, çaga dünýä inende, merhumy jaýlamak we başgalar üçin dürli sosial tölegleri hem-de kömek pullaryny, şeýle hem pul we natural görnüşindäki (alnan senesindäki gymmaty boýunça) haýyr-sahawat hem-de ekologik fondlarynyň serişdelerinden alynýan kömek pullary we kömegiň beýleki görnüşlerini; pensiýalary; stipendiýalary; alimentleri; hökmany hem-de meýletin strahowaniýe boýunça strahowaniýe öwezini doluş pullaryny; beýleki sosial tölegleri we öwezini doluş pullaryny alýan deklarant tarapyndan doldurylýar.

11-nji SETIRDE deklarant tarapyndan şu Deklarasiýanyň 5-10-njy setirlerini doldurmak boýunça alnan girdejileriň umumy möçberi görkezilýär.

12-nji SETIRDE deklarant tarapyndan daşary ýurtda we daşary ýurtdan alýan walýutasynda alan girdejileri boýunça doldurylýar.

13-nji SETIRDE deklarant şu Deklarasiýany doldurmagyň senesini goýmak bilen gol çekýär.

Deklarirlenilýän girdejileri dokument arkaly tassyklamak mümkin bolmadyk halatynda deklarant tarapyndan erkin görnüşde düşündirişli ýazgy haty düzülýär, şol hatda ol deklarirlenilýän girdejiniň ol ýa-da beýleki görnüşini we möçberini, onuň alan senesini, tölemegiň çeşmesini hem-de tassyklaýyş dokumentleriniň ýokdugynyň sebäbini ýazyp beýan edýär. Şu görkezilen düşündirişli ýazgy-haty deklarasiýa goşulýar we şonuň bilen bilelikde saklanylýar.