Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

B. A. Durdyýew, Ç. Seýdiýew, T. A. Farziýew, B. G. Hangurbanow we Ýa.Ýa. Ýazgeldiýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

B. A. Durdyýew, Ç. Seýdiýew, T. A. Farziýew, B. G. Hangurbanow we Ýa.Ýa. Ýazgeldiýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

B. A. Durdyýew, Ç. Seýdiýew, T. A. Farziýew, B. G. Hangurbanow we Ýa.Ýa. Ýazgeldiýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 1, 2364-nji madda)

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary we garaşsyz Türkmenistanyň sportsmenlerini taýýarlamakda gazanan uly üstüklikleri üçin:

«Köpetdag» ussatlar futbol komandasynyň baş treneri Baýram Öwezowiç Durdyýewi,

«Köpetdag» ussatlar futbol komandasynyň kapitany Çaryýarguly Seýdiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktory Teýmur Alişewiç Farziýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika boýunça treneri Baýmyrat Garabegowiç Hangurbanowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň Olimpiýa rezerwi uçilişesiniň direktory Ýazgeldi Ýazgeldiýewiç Ýazgeldiýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 11-nji ýanwary

№ PP-1470