Ýoldaş J. Myradowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak haklynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş J. Myradowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak haklynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 1, 2344-nji madda)
Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary, köp adamly zähmetkeşler kollektiwinde agzybir we durnykly işlemegi üpjün etmegi netijesinde halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň möçberlerini artdyrmakda gazanan üstünlikleri hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işeňňir gatnaşany üçin, Türkmenistanyň Halkyň sarp edýän harytlary ministrliginiň Çärjewdäki tikin fabriginiň direktory Jemile Myradowany Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 6-njy ýanwary
№ PP-1450