1994-nji ýylyň martynda dynç alyş gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1994-nji ýylyň martynda dynç alyş gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 3, 1831-nji madda)
Halkara aýallar güni bolan 8-nji martyň baýram edilip bellenilmegi mynasybetli we zähmetkeşleriň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1994-nji ýylyň, 5-nji martyndaky (şenbe) dynç gününi 1994-nji ýylyň 7-nji martyna-duşenbe gününe geçirmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 1-nji marty
№ PP-1152