Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginn dw retmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginn dw retmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň
ýygyndysy 1994 ý, № 1, 1794-nji madda)
Türkmenistanyň gurluşyk kompleksiniň dolandyryş strukturasyny kämilleşdirmek, düýpli gurluşyk babatda hili gowulandyrmak hem-de bitewi ylmy-tehniki syýasat ýöretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesiniň hem-de Montaž we ýörite gurluşyk işleri baradaky «Türkmenbina» döwlet konserniniň bazasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesiniň hem-de Montaž we ýörite gurluşyk işleri baradaky «Türkmenbina» döwlet konserniniň dügzümine giren kärhanalary hem-de guramalary Türkmenistanyň Gurluşyk we arhtektura ministrliginiň garamagyna bermeli.
3. Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrligi Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen bilelikde şu aşakdakylary bir aý möhletde işläp taýýarlamalydyr hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidir:
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrligi hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny;
Şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri ulanylýan kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 26-njy ýanwary
№ PP-1142