Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň

ýygyndysy 1994 ý, № 1, 1788-nji madda)

«10 ýyl abadançylyk» syýasy ugruny durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşanlygy hem-de garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin, şu aşakdakylary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly:

Daşhowuz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky posýologynyň arçyny Annageldi Annageldiýewi.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Ýasydepe» kolhozynyň başlygy Züleýha Astanowany.

Aşgabadyň «Arkaç» gurluşyk birleşiginiň naçalnigi Kakajan Täşliýewi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» kolhozynyň mehanizatory Doly Çaryýewi.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Nyýazow adyndaky kolhozynyň başlygy Deňizbaba Çarymämmedowy.

Balkan welaýatynyň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş uprawleniýesiniň naçalnigi Balkan Şyhyýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 15-nji ýanwary

№ PP-1136