Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTININ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 10, 1577-nji madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň iki ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli, döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmäge, onuň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin, şu aşakdakylary sylaglamaly:

«Edermenlik» medaly bilen

Türkmenistanyň Baş prokurory Baýrammyrat Aşyrlyýewi.

Türkmenistandaky Ýaragly Güýçleriň Birleşdirilen Russiýa - Türkmenistan Komandowaniýesiniň komanduýuşisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Wiktor Mihaýlowiç Zawarzini.

Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Komanduýuşisi Akmyrat Nazarowiç Kabulowy.

Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygy Amanmyrat Kakabaýewi

Türkmenistanyň Içeri işler ministri Gurbanmuhammet Gajarowiç Kasymowy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň naçalnigi Akmyrat Kulyýewiç Rejebowy.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Saparmyrat Seýidowy.

Ştab Naçalnigi - Türkmenistanyň Goranmak ministrliniň birinji orunbasary Annamyrat Soltanowy.

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministri Tagandurdy Hallyýewi.

Ştab Naçalnigi - Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Komanduýuşisiniň birinji orunbasary Wladislaw Aleksandrowiç Şunewiçi.

«Gaýrat» medaly bilen

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Muhammet Hojamuhammedowiç Abalakowy.

Balkan welaýatynyň Gazanjyk etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky sowhozynyň direktory Abdy Abdyýewi.

Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Annaoraz Abdykerimowy.

Daşhowuz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Myrat Kakabaýewiç Abylowy.

«Türkmen sesi» gazetiniň baş redaktory Annaberdi Agabaýewi.

«Türkmenobahojalyksenagathyzmat» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gulnazar Agaýewi.

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi Akmuhammet Agajanowy.

Türkmenistanyň Söwda ministri Halnazar Amannazarowiç Agahanowy.

Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň wise-prezidenti Muhammet Aýdogdyýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Orazgeldi Aýdogdyýewi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaşlaryň işleri, halk magaryfy, medeniýet we terbiýe baradaky komitetiniň başlygy Maýagözel Aýmedowany.

Daşhowuz welaýatynyň Tagta etrabynyň «Yzmykşir» kolhozynyň traktorçysy Abaý Aýtoleýewi.

«Halk sesi» gazetiniň baş redaktory Permanguly Allagulowy.

Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň rektory Rejep Allaýarowy.

Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministri , Nedirmämmet Alowowy.

«Türkmengeologiýa» önümçilik birleşiginiň baş direktory Daňatar Saparowiç Altaýewi.

«Türkmenawtohyzmatsöwda» korporasýýasynyň başlygy Hydyrguly Amangeldiýewi.

Türkmenistanyň Transport we aragatnaşyk institutynyň rektory Çaryýar Amansähedowy.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi Aky Annaýewi.

Türkmen döwlet medisina institutynyň rektory Ata Annaýewi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Beki Annaýewiç Annaýewi.

Daşhowuz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» kolhozynyň kolhozçysy Еgenmet Annaýewi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Bereket» kolhozynyň başlygy Garly Annalyýewi.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň häkimi Amangeldi Ataýewi

Türkmenistanyň Halkyň sarp edýän harytlary ministri Aşyr Ataýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Kakabaý Ataýewi.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi Nurmyrat Ataýewi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halykberdi Ataýewi.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministri Aksoltan Töräýewna Ataýewany.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Agamyrat Ahmedowy.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi Gedaý Ahmedowy.

«Türkmenagrohim» korporasiýasynyň başlygy Gurbannazar Aşyrowy.

Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministri Nurmuhammet Aşyrowy.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Zähmet» kolhozynyň däneçilik brigadasynyň brigadiri Orazgylyç Aşyrowy.

Lebap welaýatynyň Çärjew şäheriniň häkimi Enwer Ergeşewiç Açylowy.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Bereket» kolhozynyň bölüm ýolbaşçysy Aganyýaz Meredowiç Babaýewi.

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň 9 Aşgabat komissarlary adyndaky tohumçylyk zawodynyň direktory Akmyrat Babaýewi.

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazoz adyndaky etrabynyň häkimi Serdar Babaýewiç Babaýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Joraguly Babagulyýewi.

Türkmenistanyň halk hojalyk institutynyň rektory Babamyrat Atamyradowiç Bazarowy.

Türkmeiistanyň Nebit we gaz ministrliginiň Çärjew buraw işleri uprawleniýesiniň buraw ussasy Joraguly Bazarowy, Lebap welaýaty.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Arçman» kolhozynyň kärendeçi brigadasynyň brigadiri Meretgeldi Bazarowy.

Lebap welaýatynyň ýer gurluşyk ekspedisiýasynyň naçalnigi Semet Bazarowy.

Türkmenistanyň Süýşürintgiler bankynyň prawleniýesiniň başlygy Begeňç Baýmuhammedowy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» sowhozynyň çopany Saparberdi Baýramalyýewi.

Ahal welaýatynyň Büzmeýin şäheriniň häkimi Ilmyrat Baýramowy.

Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň prezidenti Rejep Baýramowiç Baýramowy.

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozynyň çopany Sapargeldi Baýramowy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk institutynyň rektory Baýram Garahanowiç Balakaýewi.

Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Kakamyrat Ballyýewi

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi Tirkişmyrat Begmyradowy.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky sowhozynyň direktory Aşyr Beknepesowy.

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky sowhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Baýrammämmet Ýarmämmedowiç Berdiýewi.

Türkmenistanyň Milli graždan awiasiýasy uprawleniýesiniň naçalnigi Ylýas Nobadowiç Berdiýewi.

Lebap welaýatynyň Gowurdak şäheriniň häkimi Döwürguly Gaparowy.

«Turkmenskaýa iskra» gazetiniň baş redaktory Balkan Arazowiç Gafurowy.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Esenguly» balykçylyk kolhozynyň başlygy Hekim Gafurowy.

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň arçyny Akmyrat Geldiýewi.

«Turkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Çary Gijenowy.

Balkan welaýatynyň Gyzyletrek etrabynyň häkimi Sapargeldi Godaýewi.

«Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Hojamyrat Goçmyradowy.

«Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň baş direktory Wladimir Sergeýewiç Grişenkony.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Halkara bölüminiň müdiri Ýazgeldi Potaýewiç Gündogdyýewi.

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Türkmenmerkezgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň «Timargurluşyk» ýöriteleşdirilen uprawleniýesiniň timarlaýjysy Güýçkaka Gutlyýewi.

Daşhowuz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi Halym Gutlyýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komitetiň başlygy Hudaýberdi Diwangulyýewi.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň häkimi Galandar Kadyrowiç Jepbarowy.

Daşhowuz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl abadanlyk» kolhozynyň brigadiri Ahmet Jumabaýewi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J. Mähremow adyndaky kolhozynyň başlygy Süleýman Jumagulyýewi.

Montaž we ýörite işler baradaky «Türkmenbina» döwlet konserniniň başlygy Meňli Jumagulyýewi.

Lebap welaýatyndan «Türkmengaz» konserniniň Ojak buraw işleri uprawleniýesiniň buraw ussasy Guwandyk Jumanazarowy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Amanmyrat Jummyýewi.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Ýaşlyk» kolhozynyň traktorçylar brigadasynyň brigadiri Nepesdurdy Jumaýewi.

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi Soltanmyrat Jumaýewi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Döwlet gurluşy we kanunçylyk meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Ereşgul Nurmämmedowiç Jumaýewi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Aleksandr Dmitriýewiç Dodonowy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň başlygy Habybylla Abdyllaýewiç Durdyýewi.

«Diýar» žurnalynyň redaktory Hudaýberdi Durdyýewi.

Türkmenistanyň ilata durmuş taýdan hyzmat ediş döwlet birleşiginiň baş direktory Baýmuhammet Durdygylyjowy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Iş Dolandyryjysynyň orunbasary Aleksandr Nikolaýewiç Jadany.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalyk komitetiniň başlygy Geldigurban Ibragimowy.

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministri Amannazar Ilamanowy.

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakabaý Ylýasowy.

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň «Döwletli» kolhozynyň kolhozçysy Saatbaý Iskenderowy.

Daşhowuz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky sowhozynyň şalyçylyk brigadasynyň brigadiri Haljan Işangulyýewi.

Türkmenistan derýa parohodçylygynyň naçalnigi Bagtyýar Astanowiç Işangulyýewi, Çärjew şäheri.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi Hudaýguly Işangulyýewi.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Balkannebithimsenagat» korporasiýasynyň başlygy Hekim Orazowiç Işanowy, Balkan welaýaty.

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyn häkimi Sabyr Işowy.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimi Jora Kadyrowy.

Daşhowuz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi Amanbaý Gazakowy.

«Türkmennebitönümleri» konserniniň başlygy Annasähet Sähetmyradowiç Kanaýewi.

«Türkmenistan» aksioner-kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygy Seýitbaý Gandymowy.

Balkan welaýatynyň Nebitdag şäheriniň häkimi Parahat Gurbanowiç Garaýewi.

Türkmenistanyň Bilim ministri Rejepdurdy Garaýewi.

Türkmenistan «Türkmenderman» döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň baş direktory Myrat Orazgulyýewiç Garryýewi.

«Türkmennebitgazgurluşyk» konserniniň başlygy Baýram Kekilliýewi.

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkimi Annadurdy Kemalowy.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Güýçbirleşik» kolhozynyň başlygy Garly Kerimowy.

Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň häkimi Baýmyrat Gylyjowy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk bölüminiň müdiri Leonid Aleksandrowiç Kruglýakowy.

«Türkmengeologiýa» önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Zakir Jamilowiç Kulyýewi.

Kompozitor, Türkmenistanyň Mnlli konserwatoriýasynyň professory Aşyr Kulyýewi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Çary Taganowiç Kulyýewi.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasynyň naçalnigý Baýram Gafurowiç Gulmanowy.

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy Nurmyrat Gulmyradowy

Balkan welaýatynyň Çeleken şäheriniň häkimi Amangeldi Gultaganowiç Gulnyýazowy.

Daşhowuz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky kolhozynyň baş zootohnigi Saparbaý Kurambaýewi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň prawleniýesiniň başlygy Ýolly Agaýewiç Gurbanmyradowy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň solisti, Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Durdymuhammet Gurbanowy.

Lebap welaýatynyň Boýnyuzyn etrabynyň häkimi Ýoldaş Gurbanowy.

«Türkmenmebel» önümçilik birleşiginiň baş direktory Amanmyrat Mämmedowy.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» kolhozynyň başlygy Togaýmyrat Wepaýewiç Mämmedowy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Hojak Mämmedowy.

Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasynyň başlygy Aşyrmyrat Mämiliýewi.

Guşgy gümrükhanasynyň naçalnigi Sergeý Iwanowiç Markelowy, Mary welaýaty.

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäheriniň häkimi Kamil Maşaripowy.

Lebap welaýatynyň Boýnyuzyn etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozynyň başlygy Hemraguly Mediýewi.

Ahal wedaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi Annaguly Meläýewi.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Hajyahmet Mergenowy.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi Döwletgeldi Begenjowiç Meredowy.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi Kakabaý Meredowy.

Daşhowuz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Bereket» kolhozynyň başlygy Rejep Meredowy.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýu. Gurbanow adyndaky kolhozynyň kolhozçysy Aman Metekowy.

Çärjewiň nebiti gaýtadan işläp bejerýän zawodynyň elektrik montýory Hudaýberdi Möwlanowy.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Lebap» kolhozynyň başlygy Çary Möwlamowy.

Çärjewiň nebiti gaýtadan işläp bejerýäň zawodynyň direktoryň Ereş Myradowiç Myradowy, Lebap welaýaty.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Iş Dolandyryş Uprawleniýesiniň referenti Meret Myratnyýazowy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň birinji sekretary Onjuk Musaýewi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň rektory Amanguly Muhammedowy.

Balkan welaýatynyň Gazanjyk etrabynyň häkimi Annagül Muhammedowany.

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi Ahmet Muhyýewi.

Daşhowuz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O. Ärsaryýew adyndaky kolhozynyň başlygynyň orunbasary Işanguly Muhyýewy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Din işleri baradaky sowetiň başlygy Allamyrat Myradowy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak baradaky komitetiniň başlygy Garly Mälikgulyýewi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň Iş Dolandyryjysy Ernst Galandarowiç Nazarowy.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimi Ýomut Naýzaýewi.

Türkmenistanyň Ýerden peýdalanmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ata Nobadowy.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi Sapargeldi Numadowy.

«Watan» gazetiniň baş redaktory Annageldi Nurgeldiýewi.

Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň başlygy Akmämmet Nurmämmedowy.

Türkmenistanyň Medisina ylymlary akademiýasynyň prezidenti Narzy Nurmämmedowy.

Türkmenistanyň Medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedowy.

Mary welaýatynyň Guşgy etrabynyň häkimi Tirkişdurdy Nurmyradowy.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Watan» kolhozynyň Hanhowuz uçastogynyň naçalnigi Baýmyrat Nursähedowy.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi Akmyrat Rahmanowiç Nuryýewi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi Tagandurdy Nuryýewi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kirow adyndaky kolhozynyň däneçilik brigadasynyň brigadiri Çary Öwezberdiýewi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi Çary Öwezgylyjowy.

Mary welaýatynyň Nyýazow etrabynyň häkimi Akmämmet Çaryýewiç Öwezowy.

Türkmenistanyň politehniki institutynyň rektory Batyr Balyşowiç Öwezowy.

Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň häkimi Kakajan Awlyýewiç Öwezowy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ýagmyr Öwezowy.

Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek we elektrikleşdirmek institutynyň bölüm müdiri Gurbangözel Öwezowany.

«Garagum» žurnalynyň baş redaktory Sapar Öräýewi.

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň Zelili adyndaky sowhozynyň direktory Baýramdurdy Orazalyýewi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi Abdyrahman Orazberdiýewi.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Tarp ýer» sowhozynyň baş agronomy Amanmyrat Orazberdiýewi.

Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Annageldi Orazdurdyýewi.

Türkmenistanyň Çölleri abadanlaşdyrmak we suwlulandyrmak baradaky önümçilik birleşiginiň baş direktory Baýram Myradowiç Orazgylyjowy.

Daşhowuz welaýatynyň Tagta etrabynyň B. Öwezow adyndaky kolhozynyň başlygy Çoşy Orazgylyjowy.

Türkmenistanyň Gurluşyk ministri Nury Orazowiç Orazmuhammedowy.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi Begendik Myradowiç Orazowy.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky kolhozynyň pagtaçylyk bölüminiň naçalnigi Gündogdy Orazowy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Meret Baýramowiç Orazowy.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň miwe-gök önüm söwda kärhanasynyň direktory Nurmämmet Orazow.

Daşhowuz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň häkimi Enemjan Orazowany.

Turkmenistanyň Döwlet (merkezi) bankynyň prawleniýesiniň başlygy Hudaýberdi Artykowiç Orazowy.

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministri Halmuhammet Orazsähedowy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň territorial önümçilik birleşiginiň naçalnigi Gennadiý Nikolaýewiç Orlowy, Aşgabat şäheri.

Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň «Dostluk» kolhozynyň başlygy Halbaý Paýgamowy.

Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň häkimi Aýtogan Pardaýewi.

S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogik institutynyň rektory Myrat Penjiýewi.

«Nesil» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Poladowy.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Ahalnebit» uprawleniýesiniň buraw ussasy Nury Polaýewi, Ahal welaýaty

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Transport we aragatnaşyk bölüminiň müdiri Senaguly Rahmanowy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Şorgala» sowhoz-zawodynyň baş agronomy Amanberdi Rejepgulyýewi.

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň häkimi Amangeldi Rejebowy.

Türkmenistanyň Profsoýuzlar federasiýasynyň sowetiniň başlygy Abat Sähedowna Ryzaýewany.

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň S. Rozmetow adyndaky kolhozynyň başlygy Sadulla Rozmetowy.

Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň häkimi Narguly Rozybaýewi.

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkimi Hudaýberdi Rozyýewi.

Daşhowuz welaýatynyň Tagta etrabynyň häkimi Begli Saparowy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Rejep Saparowy.

Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Mir» kolhozynyň agronomy Hümmet Saparowy.

Türkmenistanyň Döwlet strahowaniýe kommersiýa guramasynyň baş direktory Ata Sarjaýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Gurbanowiç Sarjaýewi.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi Baba Muhammetdurdyýewiç Sähetmyradowy.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Gökdepe» kolhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Aga Sähetgulyýewi.

«Owadan» žurnalynyň baş redaktory Abadan Baýlyýewna Seýitgulyýewany.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Geňeşçisi — Daşary ykdysady aragatnaşyklar baradaky komissiýanyň başlygy Nurnazar Selimowy (merhum).

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi Ýuriý Borisowiç Serikowy.

Türkmenistanyň Aksioner-kommersiýa agrosenagat bankynyň prawleniýesiniň başlygy Aşyr Serçäýewi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Sosial syýasat baradaky komitetiniň başlygy Alla Annadurdyýewna Snežkony.

Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-konsultatiw merkeziniň baş wraçy Wladimnr Alekseýewiç Sobolewi.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň birinji orunbasary Myratgeldi Söýünowy.

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Türkmenistan» agrofirma-kolhozynyň başlygy Myratberdi Sopyýewi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi Amansöýün Soltanmämmedowy.

Türkmenistanyň hünärment taýýarlamak baradaky «Senet» döwlet birleşiginiň başlygy Baýramnur Muhammetnurowiç Söýünowy.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Ýalkym» kolhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Bekmyrat Söýünowy.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministri Nazar Toýlyýewiç Söýünowy.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi Ýagşymyrat Taýyrowy.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Ogulmeňli Gylyjowna Täjowany.

Türkmenistanyň Prezndentiniň Milli meseleler boýunça geňeşçisi Arazbaý Öräýewi.

Daşhowuz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze gün» kolhozynyň agronomçylyk uçastogynyň naçalnigi Artykbaý Utemyradowy.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi Öwezmuhammet Halymowy.

«Türkmen Press» döwlet informasion agentliginiň direktory Batyr Paşyýewiç Hallyýewi.

Türkmeiistanyň Döwlet demir ýolunyň naçalnigi Hudaýguly Halykowy.

Türkmenistanyň Material-tehniki üpjünçilik baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmuhammet Çaryýewiç Hanamowy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S. A. Nyýazow adanky Ýokary milisiýa mekdebiniň direktory Ruslan Alyýewiç Hanjaýewi

Mary welaýatynyň Guşgy etrabynyň «Guşgy» sowhozynyň direktory Orazmyrat Hanowy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Agamämmet Hojamämmedowy.

Daşhowuz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkimi Rejep Hojamowy.

«Esger» gazetiniň baş redaktory Akmyrat Hojanyýazowy.

Türkmenistanyň azot dökünleri zawodynyň direktory Bekgylyç Şagylyjowiç Hommadowy, Mary welaýaty.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi Wiktor Mihaýlowiç Hramowy.

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň häkimi Myrat Tekäýewiç Hudaýbergenowy.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi Şyhmyrat Hudaýgulyýewi.

Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Berdinazar Hudaýnazarowy.

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Seýdi adyndaky kolhozynyň başlygy Ýoldaş Hydyrowy.

Türkmenistanyň Galla önümleri ministri Annageldi Çaryýarowiç Çaryýarowy.

Daşhowuz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň S. Çerkezow adyndaky kolhozynyň başlygy Sapyş Çerkezowy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet baradaky komitetiniň başlygy Galina Grigorýewna Çižikowany.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi Baýrammuhammet Çollukowy.

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň häkimi Annaberdi Çopanowy.

Balkan welaýatynyň Gyzyletrek etrabynyň Magtymguly adyndaky kolhozynyň brigadiri Akmämmet Çüriýewi.

Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň Mätäji adyndaky kolhozynyň başlygy Aşyr Çüriýewi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň başlygy Aman Myradowiç Şanyýazowy.

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Türkmengurluşykkonstruksiýa» önümçilik birleşiginiň Çärjewdäki demir-beton önümleri zawodynyň direktory Hally Şeripowy.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky kolhozynyň başlygy Hudaýberdi Şirmämmedowy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Boris Orazowiç Şyhmyradowy.

Türkmenistan Alyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Ilaman Şyhyýewi.

Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Gökje» sowhozynyň direktory Annanur Ekäýewi.

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkimi Annamyrat Ereşowy.

«Syýasy söhbetdeş» gazetiniň baş redaktory Akbibi Ýusubowany.

Lebap welaýatynyň Çarşaňňy etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozynyň başlygy Müsür Ýusubowy.

Barsagelmez tehnologik transport uprawleniýesiniň sürüjisi Bekdurdy Ýagmyrowy, Balkan welaýaty.

Daşhowuz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi Gurtbaý Ýazberdiýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 26-njy oktýabry

№ PP-1030