Praporşikler (miçmanlar) derejesini ýatyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Praporşikler (miçmanlar) derejesini ýatyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 12, 7623-nji madda)
Türkmenistanyň harby edaralarynyň we içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 1999 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, Türkmenistanyň serhet we içerki goşunlarynda, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk hem-de içeri işler edaralaryýda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynda praporşikler (miçmanlar) derejesini ýatyrmaly.
2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenmstanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy:
1999 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap goşunda* (*Goşundy alynmady) laýyklykda guramaçylyk-wezipe üýtgetmelerini geçirmeli;
praporşikleri (miçmanlary) bellenilen tertipde işe ýerleşdirmeli, işden boşadylýan praporşiklere (miçmanlara) bolsa Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunlaryna laýyklykda çykyş kömek pullaryny tölemeli.
3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Döwlet býujetine şu Permana laýyklykda üýtgetmeleri girizmeli.
4. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde 1999 ýylyň 1 ýanwaryna çenli ulanylýan kanunlara şu Permandan gelip çgkýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabnnetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 25-nji dekabry
№ PP-2723