Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň milli walýutasyny dolanyşyga girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň milli walýutasyny dolanyşyga girizmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň milli walýutasyny dolanyşyga girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 10, 1573-nji madda)

1. 1993-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-inde 00 sagatdan başlap, Türkmenistanyň bütin territoriýasynda milli walýutany - manady dolanyşyga girizmeli.

SSSR-iň Döwlet bankynyň we Russiýanyň Merkezi bankynyň 1961-1992-nji ýyllaryň nusgasyndaky pul banknotlaryny we şaýy pullaryny 1993-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda sagat 9-dan 1993-nji ýylyň 2-nji noýabrynda sagat 22-ä çenli döwürde manatlara we teňňelere çalyşmaly.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda sagat 00-dan başlap, Türkmenistanyň territoriýasynda manat ýeke-täk kanuny töleg serişdesidir. Hut şol wagtdan başlap, Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň Döwlet bankynyň we Russiýanyň Merkezi bankynyň 1961-1992-nji ýyllaryň nusgasyndaky banknotlary hem-de SSSR-iň Döwlet bankynyň gymmatly kagyzlary güýjüni ýitirýärler.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky ilatyň nagt puluny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul banknotlaryna we şaýy pullaryna kommersiýa banklarynyň alyş-çalyş punktlarynda, süýşürintgiler bankynyň bölümlerinde, aragatnaşygyň poçta kärhanalarynda, kärhanalaryň we guramalaryň kassalarynda çalyşmalydyr, munuň üçin 1993-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan 2-nji noýabryna çenli döwürde olaryň iş düzgünini sagat 9.00-dan sagat 22.00-a çenli bellemeli.

3. SSSR-iň Döwlet bankynyň we Russiýanyň Merkezi bankynyň 1961- 1992-nji ýyllaryň nusgasyndaky pul banknotlarynyň 500 rublini 1 manat hümmet boýunça çalyşmaly.

4. Türkmenistanyň 16 ýaşdan uly her bir graždany pasportyny ýa-da onuň ýerini tutýan dokumenti görkezmek bilen, 1993-nji ýylyň 29-njy oktýabry - 2-nji noýabry aralykdaky döwürde şu Permanyň 3-nji punktunda görkezilen hümmet boýunça pasportyna ýa-da onuň ýerini tutýan dokumente puluň çalşylandygy barada bellik etdirip, diňe bir gezek otuz müň manada çenli nagt puluny çalyşmaga hukugy bar diýip bellemeli.

Ilatyň banklardaky rubllar görnüşdäki süýşürintgiler pulunyň summasynyň peýdalanylmadyk möçberini 3-nji punktda görkezilen hümmet boýunça çäklendirmezden, manada çalyşmaly, çek depderçelerine we Türkmenistanyň banklarynyň hasaplaşyk çeklerine çäklendirmezden geçirmeli.

Möhletli gullukdaky harby gullukçylar üçin çalyşmaga degişli nagt puluň aňryçäk summasy bäş müň manada çenli möçberde bellenilýär.

Beýleki döwletleriň Türkmenistanyň territoriýasynda hemişelik ýaşaýan we işleýän graždanlarynyň otuz müň manada çenli summadaky nagt puly banklar tarapyndan şu Permanda kesgitlenilen möhletde kärhanalaryň, harby bölümleriň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň beren spisoklary boýunça çalşylýar.

5. «Walýutany düzgünleşdirmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Merkezi banky Russiýanyň Merkezi bankynyň 1993-nji ýylyň nusgasyndaky pul banknotlaryna hem-de erkin konwertirlenilýän walýutany Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul banknotlaryna we şaýy pullaryna çalyşýan çalşyş punktlarynyň ýeterlik sanynyň işlemegini guramalydyr. Hut şol punktlarda Türkmenistanyň banknotlaryny we şaýy pullaryny beýleki döwletleriň walýutasyna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän kadalar we hümmet boýunça çalyşmaly.

6. Türkmenistanyň Merkezi banky kärhanalaryň we guramalaryň manat bilen hasaplaşyk, gündelik, ssuda we beýleki sçýotlaryny we Türkmenistanyň banklarynyň gymmatly kagyzlaryny we beýleki borçnamalaryny 3-nji punktda görkezilen hümmet boýunça manatlara geçirmek barada işleri guramalydyr.

7. Turkmenistanyň banklary 1993-nji ýylyň 29-njy oktýabry – 2-nji noýabry aralygyndaky döwürde diňe nagt pullary çalyşmak we kärhanalaryň hem-de guramalaryň gündelik, hasaplaşyk, ssuda sçýotlaryndaky we graždanlaryň şahsy sçýotlaryndaky rubllar görnüşdäki galyndylaryny manatlara geçirmek bilen baglanyşykly operasiýalary ýerine ýetirmeli.

8. Daşary ýurt walýutasyndaky tölegleri, şol sanda rubl zonasyndaky döwletlerden tölegleri daşary ýurt walýutasyny ýerleşdirýän kärhanalara satyn almaga ilkiňji nobatda hukuk bermek, satylan günündäki hümmeti boýunça manatlyklarda ekwiwalentli summany şol bir wagtyň özünde kärhananyň sçýotyna geçirmek bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta biržasynda ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň degişli döwletlerdäki habarçy sçýotlaryna geçirmeli.

Manadyň daşary ýurt walýutalaryna gatnaşygy babatda üýtgäp durýan hümmeti bellenilýär, ol Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta biržasyndaky isleg we teklip arkaly kesgitlenilýär.

9. Ministrlikler, wedomstwolar, eýeçiligiň görnüşine we tabyn1ygyna garamazdan, kärhanalaryň, guramalaryň hemmesi harytlaryň we hyzmatlaryň rubllerdäki nyrhlaryny 3-nji punktda görkezilen hümmet boýunça manatlyklara gaýtadan hasaplamaly.

10. Türkmenistanyň Merkezi banky, kommersiýa banklary 1993-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli möhletde eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, guramalar we hojalyklar boýunça nagt pul serişdeleriniň 1993-nji ýylyň 1-nji awgusty - 1-nji noýabry aralykdaky döwürde gelip gowuşmagynyň kanunylygyny barlamaly we barlaglaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetine teklipler girizmeli.

11. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Milli howpsuzlyk komiteti türkmen milli walýutasynyň we beýleki gymmatlyklaryň saklanylmagyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Merkezi bankyna zerur praktiki kömegi bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-1026