Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň iki ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli amnistiýa hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň iki ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli amnistiýa hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 10, 1571-nji madda)
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň iki ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, karar edýärin:
1. Şu aşakdakylary jeza çekmekden boşatmaly:
a) aýallary;
b) I we II toparlara degişli inwalidler diýlip ykrar edilen erkek adamlary;
w) ýaşy 60-dan geçen erkek adamlary;
g) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we Watanyň bähbitlerini goramak baradaky islendik söweş hereketlerine gatnaşan hem-de internasional borjuny ýerine ýetiren adamlary;
d) inçekeseliň aktiw görnüşi bilen kesellän adamlary (dispanser hasaba alşyň birinji topary).
2. Bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlary jeza çekmekden boşatmaly.
3. Seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlar üçin bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.
4. Şertli iş kesilen, hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilen, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden zähmete hökman çekmek bilen şertli boşadylan, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.
5. Düzgün-nyzam batalonyna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.
6. Bilkastlaýyn jenaýatlar üçin üç ýyla çenli we üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.
7. Şu Permanyň 1-6-njy maddalarynda sanalyp geçilen we 9-njy maddasynyň täsirine düşmeýän adamlar barasynda şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňew işlerini we sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly.
Kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlar tarapyndan şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, bäş ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça sud, eger bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse, iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.
Şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça sud, eger azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse, iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.
8. Şu aşakdakylaryň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly azaltmaly:
a) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we seresapsyzlyk zerarly jenaýatlary eden, bäş ýyldan ýokary möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň - ýarpy möçberinde;
b) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin üç ýyldan köp we bäş ýyla çenli hem-de bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-nji maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň - ýarpy möçberinde;
w) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin bäş ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-nji maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň - üçden bir bölegi möçberinde.
9. Şu Permanyň 1-8-nji maddalarynyň güýjüni şu aşakdaky iş kesilenlere degişli etmeli däl:
a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71-nji (aýratyn howply döwlet jenaýatlary), 75-nji (banditizm), 76-njy (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77-nji (kontrabanda), 78-nji (köpçülikleýin tertipsizlikler), 85-nji (gatnaw ýollaryny we transport serişdelerini zaýalamak), 86-njy (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerleşdirmek) maddalarynda, 90-njy maddasynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak arkaly iýilmegi), 91-nji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji, böleklerinde (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talaňçylyk arkaly iýilmegi), 92-nji maddasynda (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi), 94-nji maddasynyň üçünji böleginde (döwlet ýa-da jemgyýetçiilk emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95-nji (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emläginiň aýratyn uly möçberlerde ogurlyk, talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 98-nji (döwlet, kooperatiw ýa-da jemgyýetçilik emlägini gorkuzyp almak) maddalarynda, 101-nji maddasynyň ikinji böleginde (döwlet ýa-da jemgtetçilik emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106-njy (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107-nji (bilkastdan adam öldürmek) maddalarynda, 113-nji maddasynyň ikinji böleginde (syna bilkastdan agyr şikes ýetirmek), 122-nji (zorlamak), 125-nji (azgynçylyk hereketleri), 126-njy (beçebazlyk), 135-nji (çagany ogurlamak ýa-da çalşyrmak), 136-njy (adamlary girewine almak) maddalarynda, 155-nji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156-njy maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talamak), 157-nji maddasynda (garakçylyk), 158-nji maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk), 159-njy maddasynda (gorkuzyp almak), 163-nji maddasynyň ikinji böleginde (graždanlaryň şahsy emlägini bilkastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 192-nji maddasynyň ikinji böleginde (erkin we gulluk ygtyýarlarynyň çäginden günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda çykmak), 194-nji maddasynyň üçünji böleginde (para almak), 220-nji maddasynda (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek), 236-njy maddasynyň üçünji böleginde (zannyýamançylykly ýa-da aýratyn zannyýamançylykly huligançylyk etmek), 237-1nji maddasynyň dördünji böleginde (görnetin jenaýatçylykly ýol bilen edinilen emlägi satyn almak ýa-da ýerleşdirmek), 243-nji (transport serişdelerini alyp gaçmak), 244-2-nji (demir ýoluň hereket edýän sostawyny, howa, deňiz ýa-da derýa gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, porty ýa-da gaýry transport kärhanasyny basyp almak, ýükleri basyp almak), 250-nji (atylýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak) maddalarynda, 257-nji maddasynyň ikinji böleginde (neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy), 257-2-nji (neşe maddalarynyň ogurlanmagy), 259-3-nji (neşe maddalaryny ulanmak üçin neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 268-nji (boýun egmezlik), 272-nji (naçalnik barasynda zorlukly hereketler), 277-nji (dezertirlik) maddalarynda, 290-njy maddasynyň «b» we «w» punktlarynda (erki hyýanatly ulanmak, erkiň çäginden çykmak we gulluga sowuk-sala garamak) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;
b) bilkastlaýyn jenaýat üçin ozal iş kesilen we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat eden adamlara;
w) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;
g) jeza çekmek düzgünini zandyýamanlyk bilen bozujylara;
d) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere;
ýe) ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmadyklara, şeýle hem esassyz baýamagyň möçberlerini tölemediklere.
10. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda alkogolizmden, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar.
11. Jeza çekýän wagtynda tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyndan gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun towlan hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1-nji maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.
12. Özi barada amnistiýa ulanylan adamlara özi barada amnistiýa akty ulanylandan soň jezanyň çekilmedik böleginiň dowamynda täze bilgeşleýin jenaýat etseler, suduň täze hökumi boýunça bellenilen jeza çäresine öňki höküm boýunça jezasynyň çekilmedik bölegini degişlilikde dolulygyna ýa-da bölekleýin goşjakdygy, iş önümçiligi bes edilen halatynda bolsa edilen hereket haýsy kanuna degişli edilen bolsa, şol kanunda göz öňünde tutulan jeza möhletine dolulygyna ýa-da bölekleýin goşjakdygy hakynda ýazmaça duýduryş berilýär.
13. Türkmenistanyň sudlary, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.
14. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 8-nji oktýabry
№ PP-1022