Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Professor Gans Meýsnere Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Professor Gans Meýsnere Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Professor Gans Meýsnere Magtymguly adyndaky

Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 11, 7575-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary komitetiniň 1998 ýylyň 29 oktýabrynda çykaran çözgüdine laýyklykda, bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmekde, ýokary hünärli milli lukmanlary taýýarlamakda bitiren hyzmatlary we Türkmenistanyň Prezidentininiň saglygyny berkitmekde görkezen ussatlygy üçin professor Gans Meýsnere (Germaniýa Federatiw Respublikasy) Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 9-njy noýabry

№ PP-2680