Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Gurluşykçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Gurluşykçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P ЕR M A N Y

Gurluşykçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 10, 1558-nji madda)

Esenguly, Gyzyletrek etraplaryny gazlaşdyrmak baradaky işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi, S. A. Nyýazow adyndaky Garagum kanalynyň günorta-günbatar şahasyny gurmak baradaky tabşyryklaryň berjaý edelendigi üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň № 5 ýol-gurluşyk uprawleniýesiniň naçalnigi Gadam Amansähedowa.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmennebitgazmontaž» trestiniň 1-nji gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň baş inženeri Smagul Jalgasbaýewe.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmennebitgazmontaž» trestiniň, 1-nji gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň sürüjisi Meretgylyç Meretgylyjowa.

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Balkansuwgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Gazanjyksuwgurluşyk» gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň ekskawator-maşinisti Saýlawgeldi Çendirowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 2-nji oktýabry

№ PP-1007