W. B. Aýjanowa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
W. B. Aýjanowa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly
ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 10, 1556-njy madda)
Milli türkmen sazyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, merhum Wary-Baýramguly Aýjanowa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 2-nji oktýabry
№ PP-1005