Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goşmaça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 30-njy aprelinde çykaran № 853 Permanynyň 2-nji maddasyna üýtgetmeler girizmek barada

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goşmaça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 30-njy aprelinde çykaran № 853 Permanynyň 2-nji maddasyna üýtgetmeler girizmek barada

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

«Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goşmaça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 30-njy aprelinde çykaran № 853 Permanynyň 2-nji maddasyna üýtgetmeler girizmek barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 8, 1470-nji madda)

«Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goşmaça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 30-njy aprelinde çykaran № 853 Permanynyň 2-nji maddasynda;

1. Birinji abzasda «jaýlary» diýen sözden soň «binalary we desgalary, enjamlary, transport serişdelerini» diýen sözleri goşup, «transporty» diýen sözi aýyrmaly.

2. Ikinji abzasdan soň aşakdaky mazmunly üçünji we dördünji abzaslary goşmaly:

«Harby bölumleriň we birleşmeleriň ýokarda ady tutulan Permanyň 1-nji maddasynda görkezilen emlägini ýuridik hem-de fiziki taraplara satmak, kärendä bermek, başgaça görnüşde ýa-da eglişik edip bermek diňe Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen ylalaşmak arkaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsat bermegi bilen amala aşyrylyp bilner.

Geleşikleri hakyky däl diýip ykrar etmek meseleleri baradaky jedeller Türkmenistanyň hojalyk sudy tarapyndan Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda çözülýär».

Üçünji we dördünji abzaslary degişlilikde bäşinji we altynjy abzaslar diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 28-nji awgusty

№ PP-991