H. A. Orazow we S. Gandymow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
H. A. Orazow we S. Gandymow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 11, 7569-njy madda)
Çeken önjeýli zähmeti hem-de bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda hem-de «10 ýyl durnuklylyk» we «1000 gün» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de milli puluň-manadyň girizilmeginiň bäş ýyllygy mynasbetli:
Türkmennstanyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygy Hudaýberdi Artykowiç Orazowa,
«Türkmenistan» paýdarlar-kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygy Seýitbaý Gandymowa «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 2-nji noýabry
№ PP-2671