Içerki gullugyň general-leýtenanty P.Berdiýewi «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Içerki gullugyň general-leýtenanty P.Berdiýewi «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 10, 7536-njy madda)
Jenaýatçylyga, garşy göreşmek işinde we jemgyýetçilik howpsuzlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 7 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Içeri işler ministri içerki gullugy general-leýtenanty Poran Berdiýewi «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 26-njy oktýabry
№ PP-2666