Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünärini kesgitleýji geňeşler hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünärini kesgitleýji geňeşler hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünärini kesgitleýji geňeşler hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7466-njy madda)

«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň derejesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 65 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünärini kesgitleýji geňeşler hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 8-nji sentýabry

№ PP-2611

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1998 ýylyň 8-nji sentýabrynda

çykaran № PP-2611 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär derejesini

kesgitleýji geňeşler hakynda

DÜZGÜNNAMA

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.02.2000 ý. çykaran № PP-3055 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşleri saýlamagyň we olaryň işini guramagyň tertibini kesgitleýär.

2. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler sud edaralaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjünlemek hem-de sudýalaryň garaşsyzlygynyň, kepillendirmelerini güýçlendirmek maksady bilen döredilýär.

3. Türkmenistanda Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde sudlaryň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler döredilýär.

II. Sudýalaryň hümer derejesini kesgitleýji geňeşleri saýlamagyň tertibi

1. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler açyk ýa-da gizlin ses bermek bilen bäş ýyl möhlete saýlanylýar.

2. Türkmenistanyň, Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeş Türkmenistanyň, Ýokary sudunyň sudýalarynyň hataryndan Türkmenistanyň Ýokary sudunyň plenumy tarapyndan saýlanylýar.

3. Welaýatlarda sudlaryň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler welaýat, etrap we şäher sudlarynyň sudýalarynyň hataryndan şu sudlaryň sudýalarynyň konferensiýalary tarapyndan saýlanylýar.

4. Aşgabat şäherinde sudlaryň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeş Aşgabat şäheriniň etrap sudlarynyň sudýalarynyň hem-de Aşgabat şäher sudunyň sudýalarynyň, hataryndan şu sudlaryň konferensiýalary tarapyndan saýlanylýar.

5. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň başlygy we onuň orunbasary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary sudunyň plenumy hem-de sudýalaryň koyferensiýalary tarapyndan açyk ýa-da gizlin ses bermek bilen saýlanylýar.

6. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler bäş adamdan az bolmadyk düzümde saýlanylýar, Geňeşiň anyk san düzümi ol saýlanylýan mahaly kesgitlenilýär.

Etrap we şäher sudlarynyň başlyklaryndan hem-de başlygynyň orunbasarlaryndan başga sudlaryň başlyklary we olaryň orunbasarlary hünär derejesini kesgitleýji geňeşleriň düzümine girmeýärler.

III. Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär derejesini

kesgitleýji geňeşleriň ygtyýarlyklary

1. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler:

sudýalyga ilkinji gezek görkezilýän her bir tamakiniň sud işine taýýarlygyna baha berýär we sudýalyga tamakinleriň hünär synagyny geçirýär;

sudýalyga ýa-da ýokarda durýan suduň sudýalygyna tamakini görkezmegiň mümkinligi hakynda netijenama berýär;

sudýalaryň hünär synagyny geçirýär;

sudýalary yzyna çagyrmak hakyndaky mesele boýunça netijenama berýär;

sudýalaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselä garaýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeş sudýalary yzyna çagyrmak hem-de olaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meseleler boýunça aşakda durýan hünär derejesini kesgitleýji geňeşleriň çözgüdine sudýalaryň getiren şikaýatlaryna we düzgün-nyzam işini gozgan taraplaryň ýazyp bermelerine hem garaýar.

3. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň yzyna çagyrmak we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütlerinden başga çözgütleri şikaýat edilmäge degişli däldir, ýöne bir hepde möhletde Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygynyň delillendirilen ýazyp bermesi boýunça oňa gaýtadan garalyp bilner.

IV. Sudýalaryň hünär derejesini kesgýtleýji geňeşleriň işini guramak

1. Hünär derejesini kesgitleýji geňeş öz üstüne ýüklenilen ygtyýarlyklary amala aşyran mahaly onuň düzüminde geňeşiň agzalarynyň azyndan ýarpysy bolan halatynda işleýär.

2. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň düzümine girýän sudýalar geňeşiň işleýän wagtynda iş hakyny saklap galmak bilen, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýar.

3. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň mejlisleri zerurlyga görä geçirilýär. Hünär derejesini kesgitleýji geneşiň başlygy mejlisleri geçirmegiň wagtyny hem-de ýerini we geňeşiň garamagyna girizilýän meseleleri kesgitleýär. Mejlisleriň geçirilmegi we garalmaga degişli meseleler hakynda hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň başlygy hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň agzalaryny, sudýalyga tamakinleri ýa-da tamakinligi garalmaga degişli bolan sudýalary, şeýle hem ýazyp bermeler boýunça özlerine garalýan adamlary, beýleki dahylly adamlary habardar edýär.

4. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň mejlislerini taýýarlamak (zerur materiallary - talap edip almak, söhbetdeşligi geçirmek we ş. m.) hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň başlygy ýa bolmasa onuň tabşyrmagy boýunça hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň beýleki agzalary tarapyndan üpjün edilýär.

5. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň mejlisi geňeşe degişli ýazyp berme gelip gowşan gününden başlap bir aý möhletde, sudýanyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky mesele boýunça bolsa gulluk barlaglarynyň ýa-da sudýanyň esasly sebäbe görä işde bolmadyk wagtyny hasap etmezden, etmiş ýüze çykarylan gününden başlap bir aýdan gijä galman, ýöne onuň amala aşyrylanyndan bir ýyldan gijä galman geçirilmelidir.

6. Başlyklyk ediji mejlisleriň açylmagy hem-de hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň düzümi hakynda yglan edýär. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň düzümine garşy bolnup bilner. Garşy bolmak baradaky mesele geňeşiň düzümi tarapyndan garalmaga degişlidir.

Geňeşiň mejlisine girizilen meselelere garamak başlyklyk edijiniň ýa-da geňeşiň berlen resmi kagyzlary we materiallary deslapdan öwrenen agzalaryndan biriniň doklady bilen başlanylýar. Soňra geňeşiň mejlisine çagyrylan adamlar diňlenilýär, zerur bolan resmi kagyzlara hem-de materiallara garalýar. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň mejlisinde geňeşiň agzalarynyň biri protokoly ýöredýär, oňa geňeşiň başlygy hem-de kätibi gol çekýärler.

7. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň çözgüdi sesleriň köplügi bilen çykarylýar. Ses bermek özi hakyndaky meselä garalýan adam we çagyrylan beýleki adamlar bolmazdan geçirilýär. Gelnen netije we çözgüt degişli delilleri getirmek bilen, ýazmaça görnüşde beýan edilýär hem-de olara başlyklyk ediji, geňeşiň agzalary gol çekýärler we olar yglan edilýär.

Iş boýunça kabul edilen çözgüt bilen ylalaşmadyk mahaly geňeşiň azlykda galan agzasy geňeşiň çözgüdine gol çekýär we özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan edýär. Aýratyn pikir işe çatylýar.

8. Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geneşiň netijenamasy ýa-da çözgüdi Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygyna, aşakda durýan sudlaryň sudýalary barasynda bolsa - degişlilikde welaýat sudunyň ýa-da Aşgabat şäher sudunyň başlygyna iberilýär.

9. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde sudlaryň sudýalarynyň, hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň netijenamasy ýa-da çözgüdi 3 gün möhletde Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşe, welaýat ýa-da Aşgabat şäher sudunyň başlygyna iberilýär.

10. Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Ýokary sudunyň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşleriň işini üpjün etmek bolsa degişlilikde welaýat we Aşgabat şäher sudlarynyň üstüne ýüklenilýär.

V. Sudýalyga ilkinji gezek görkezilýän tamakiniň, sud işine

taýýarlygyna baha bermek we sudýalyga tamakinleriň hünär derejesini kesgitleýji synagy geçirmek

1. Sudýalyga ilkinji gezek görkezilýän tamakinleriň sud işindäki taýýarlygyna baha bermek we sudýalyga tamakinleriň hünär derejesini kesgitleýji synagy:

welaýatlarda - welaýat sudunyň başlygynyň hödürlemegi boýunça;

Aşgabat şäherinde - Aşgabat şäher sudunyň başlygynyň hödürlemegi boýunça sudlaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler tarapyndan geçirilýär.

2. Hünär derejesini kesgitleýji synag tamakiniň sud işine taýýarlygyny barlamak maksady bilen dilden soraglara jogaplary iş ýüzündäki meseleleri çözmegi, söhbetdeşligi öz içine alýar.

3. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeş sudýalyga tamakini hünär derejesini kesgitleýji synagy tabşyran diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdi kabul edýär. Hünär derejesini kesgitleýji synagy tabşyrmadyk tamakin azyndan 6 aýdan soň ikinji gezek synagy tabşyrp biler.

4. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň netijenamasy tamakini hödürlän sudlaryň ýolbaşçylaryna iberilýär.

VI. Sudýalaryň hüner derejesini kesgitleýji geneşiň tamakini sudýalyga, ýokarda durýan suduň sudýalygyna ýa bolmasa beýleki ýokarda durýan sud

wezipesine görkezmek mümkinçiligi hakyndaky netijenamasy

1. Tamakinleri Türkmenistanyň Ýokary sudunyň, Türkmenistanyň Araçy sudunyň sudýalygyna we welaýat hem-de Aşgabat şäher sudlarynyň başlygy we olaryň orunbasarlary wezipesine görkezmek mümkinçiligi hakyndaky netijenamany Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeş, beýleki sud wezipelerine görkezmek mümkinçiligi hakyndaky netijenamasy bolsa - aşakda durýan sudlaryň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler berýär.

2. Hünär derejesini kesgitleýji geňeş sudýayyň ýokarda durýan wezipä görkezilmeginiň esaslandyrmasyny (eýeleýän wezipesindäki iş stažyny hem-de tejribesini, işiniň, möçberini we hil görkezijilerini) anyklaşdyrýar hem-de berlen resmi kagyzlary we tamakini häsiýetlendirýän materiallary öwrenmegiň, şeýle hem onuň bilen geçirilen söhbetdeşligiň netijesinde tamakini degişli sud wezipesine görkezmek mümkinçiligi hakynda ýa bolmasa netijenamada şeýle netijesiniň delillendirmel ýerini görkezmek bilen, ony bu wezipä hödürlemegiň maksadalaýyk däldigi hakynda netijenamany berýär.

3. Hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň başlygy netijenamany tamakini hödürlän suduň başlygyna iberýär.

VII. Sudýalaryň hünär synagy

1. Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär synagy Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär synagy hakyndaky Düzgünnama arkaly kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

2. Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryna hünär derejesini bermek Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär derejeleri hakyndaky Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryna hünär derejeleri üçin wezipe aýlyk haklaryna goşmaça haklaryň möçberleri Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilýär.

VIII. Sudýalary yzyna çagyrmak we olaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi baradaky meselelere garamagyň tertibi

Hünär derejesini kesgitleýji geňeş tarapyndan Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny yzyna çagyrmak we olaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi baradaky meselelere garamagyň tertibi Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň, düzgün-nyzam jogapkärçiligi, olary yzyna çagyrmak we möhletinden öň wezipeden boşatmak hakyndaky Düzgünnama arkaly kesiktlenilýär.

IX. Sudýalaryň hünär derejesini kesgitleýji geňeşiň hasabatlylygy

Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeş Türkmenistanyň Ýokary sudunyň plenumynyň öňündes, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde sudlaryň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler bolsa - olary saýlan konferensiýalaryň öňünde azyndan iki ýarym ýylda bir gezek, şeýle hem ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagy boýunça öz işi barada hasabat berýärler.

References