Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk institutyny Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetine öwürmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk institutyny Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetine öwürmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk institutyny Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetine

öwürmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7465-nji madda)

Ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy düýpli gowulandyrmak, okuw işini we türgenleşme sapaklaryny guramagyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk institutyny Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetine öwürmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 8-nji sentýabry

№ PP-2608