Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryny hökümet feldýegerlik aragatnaşygy bilen üpjün etmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryny hökümet feldýegerlik aragatnaşygy bilen üpjün etmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryny hökümet feldýegerlik aragatnaşygy bilen üpjün etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1354-nji madda)

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň dokumentleriniň çalt hem-de ygtybarly eltilmegini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet feldýegerlik gullugyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryna hyzmat etmegi hem-de şertnamalaýyn esasda GDA-nyň döwletleriniň feldýegerlik gullugynyň podrazdeleniýeleri bilen arkalaşykly hereket etmegi Türkmenistanyň Döwlet feldýegerlik gullugynyň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Döwlet feldýegerlik gullugyna ýolbaşçylyk etmegi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň üstüne ýüklemeli.

Ýokarda görkezilen gulluk Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär diýip bellemeli.

4. Türkmenistanyň Döwlet feldýegerlik gullugynyň ýolbaşçylar düzümine girýänler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde kadrlarda durýar hem-de Türkmenistanyň içeri işler organlarynda gulluk etmek hakyndaky düzgünnama laýyklykda gulluk edýär diýip bellemeli.

5. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi we beýleki dahylly ministrlikler hem-de wedomstwolar bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň döwlet feldýegerlik gullugy hakyndaky düzgünnamanyň proýektini bir aý möhletde işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Hökümetine bermegi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 28-nji iýuny

№ PP-926