Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça milli soweti döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça milli soweti döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça milli soweti döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1335-nji madda)

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça milli soweti döretmeli.

2. Milli sowetiň agzalaryny şu aşakdaky düzümde tassyklamaly (spisok goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 15-nji iýuny

№ PP- 901

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1993-nji ýylyň 15-nji iýunynda

çykaran № PP-901 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça milli sowetiň

DÜZÜMI

S. A. Nyýazow - Türkmenistanyň Prezidenti (Milli sowetiň başlygy)

O. Aýdogdyýew - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary (Milli sowetiň başlygynyň orunbasary)

G. Nurmuhammedow - Türkmenistanyň Medeniýet we turizm ministri (Milli sowetiň başlygynyň orunbasary)

A. Agabaýew - «Türkmen sesi» gazetiniň baş redaktory

Ş. Akmuhammedow - Türkmenistanyň Medeniýet fondunyň başlygy

A. Amangeldiýew - Türkmenistanyň halk hudožnigi

A. Annamuhammedow - Türkmenistanyň Arhitektorlar soýuzynyň başlygy

B. Annamyradow - Türkmenistanyň Hudožnikler soýuzynyň başlygy

A. Atabaýew - Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň sekretary

K. Aşyrow - «Jan» teatrynyň çeper ýolbaşçysy

A. Berdiýew - Türkmenistanyň Teatr işgärleri soýuzynyň başlygy

A. Bugaýew -Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary

H. Diwangulyýew - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komitetiň başlygy

H. Durdyýew - «Diýar» žurnalynyň baş redaktory

A. Mämiliýew - Türkmenistanyň Milli kinewideo kompaniýasynyň başlygy

Ö. Mämmetnurow- Türkmenistanyň Dizaýnerler soýuzynyň başlygy

W. Muhadow - Kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti

H. Narlyýew - Türkmenistanyň Kinomatografiýaçylar soýuzynyň başlygy

A.Orazow-Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Edebiýat institutynyň direktory

A. Orazdurdyýew - Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy

A.Öräýew - Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli we jemgyýetçilik-syýasy meseleler boýunça geňeşçisi

S. Öräýew - «Garagum» žurnalynyň baş redaktory

A. Poladow - «Nesil» gazetiniň baş redaktory

R. J. Rejebow – Türkmenistanyň Kompozitorlar soýuzynyň başlygy

K. Taňrygulyýew – Türkmenistanyň halk ýazyjysy

K. Ylýasow - «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory