Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda ýörite atlar hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda ýörite atlar hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda ýörite atlar hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 7, 7349-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.05.2020 ý. çykaran № PP-681 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

«Türkmenistanyň polisiýasyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 19 fewralynda çykaran № 2477 Permanyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda atlaryň ýeke-täk toplumyny girizmek maksady bilen karar edýärin:

1. Polisiýanyň, içeri işler edaralarynyň beýleki gullukçylarynyň we birlikleriniň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzümi üçin şu ýörite atlary bellemeli:

Rýadowoýlar düzumi

Polisiýanyň rýadowoýy Içerki gullugyň rýadowoýy

Seržantlar düzümi

Polisiýanyň kiçi seržanty Içerki gullugyň kiçi seržanty

Polisiýanyň seržanty Içerki gullugyň seržanty

Polisiýanyň uly seržanty Içerki gullugyň uly seržanty

Ofiserler düzümi

Polisiýanyň kiçi leýtenanty Içerki gullugyň kiçi leýtenanty

Polisiýanyň leýtenanty Içerki gullugyň leýtenanty

Polisiýanyň uly leýtananty Içerki gullugyň uly leýtananty

Polisiýanyň kapitany Içerki gullugyň kapitany

Polisiýanyň maýory Içerki gullugyň maýory

Polisiýanyň podpolkownigi Içerki gullugyň podpolkownigi

Polisiýanyň polkownigi Içerki gullugyň polkownigi

Polisiýanyň general-maýory Içerki gullugyň general-maýory

Polisiýanyň general-leýtenanty Içerki gullugyň general-leýtananty Polisiýanyň general-polkownigi Içerki gullugyň genaral-polkownigi

2. Rýadowoplar we seržantlar düzüminiň ýörite atlary bilen gulluk edilmeli möhletler şeýle:

polisiýanyň rýadowoýy, içerki gullugyň rýadowoýy diýen at bilen - 1 ýyl

polisiýanyň kiçi seržanty, içerki gullugyň kiçi seržanty diýen at bilen - 2 ýyl

polisiýanyň seržanty, içerki gullugyň seržanty diýen at bilen - 3 ýyl

Polisiýanyň uly seržanty, içerki gullugyň uly seržanty diýen atlar bilen gulluk edilmeli möhlet bellenilmeýär.

3. Ofiserler düzüminiň ýörite atlar bilen gulluk edilmeli möhletler şeýle:

polisiýanyň kiçi leýtenanty, içerki gullugyň kiçi leýtenanty diýen at bilen - 1 ýyl

polisiýanyň leýtenanty,içerki gullugyň leýtenanty diýen at bilen -2 ýyl

polisiýanyň uly leýtananty, içerki gullugyň uly leýtananty diýen at bilen - 3 ýyl

polisiýanyň kapitany, içerki gullugyň kapitany diýen at bilen - 4 ýyl

polisiýanyň maýory, içerki gullugyň maýory diýen at bilen - 4 ýyl

polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi diýen at bilen - 5 ýyl

polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi diýen at bilen şeýle hem general ady bilen gulluk edilmeli möhletler bellenilmeýär.

Uly derejeli ofiserler düzüminiň polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi ýörite atlary işgär kyrk ýaşyny dolduranyndan soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dakylyp bilner.

Uly derejeli ofiserler düzüminiň polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi ýörite atlary işgär kyrk bäş ýaşyny dolduranyndan soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dakylyp bilner.

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine olaryň bitiren aýratyn hyzmatlary üçin we beýleki aýratyn

ýagdaýlarda polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi, polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi ýörite atlar üçin kesgitlenen ýaşlar dolmazyndan öň hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dakylyp bilner.

4. Ulanylýan we şu Perman bilen girizilýän ýörite atlaryň arasynda şu barabarlygy bellemeli:

Milisiýanyň rýadowoýy, içerki gullugyň rýadowoýy Milisiýanyň kiçi seržanty, içerki gullugyň kiçi seržanty Milisiýanyň seržanty, içerki gullugyň seržanty Milisiýanyň uly seržanty, içerki gullugyň uly seržanty Milisiýanyň kiçi leýtenanty, içerki gullugyň kiçi leýtenanty Milisiýanyň leýtenanty, içerki gullugyň leýtenanty Milisiýanyň uly leýtananty, içerki gullugyň uly leýtananty Milisiýanyň kapitany, içerki gullugyň kapitany Milisiýanyň maýory, içerki gullugyň maýory Milisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi Milisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi Milisiýanyň general-maýory, içerki gullugyň general-maýory Milisiýanyň general-leýtenanty, içerki gullugyň general-leýtananty Milisiýanyň general-polkownigi,içerki gullugyň genaral-polkownigi - Polisiýanyň rýadowoýy, içerki gullugyň rýadowoýy - Polisiýanyň kiçi seržanty, içerki gullugyň kiçi seržanty - Polisiýanyň seržanty, içerki gullugyň seržanty - Polisiýanyň uly seržanty, içerki gullugyň uly seržanty - Polisiýanyň kiçi leýtenanty, içerki gullugyň kiçi leýtenanty - Polisiýanyň leýtenanty, içerki gullugyň leýtenanty - Polisiýanyň uly leýtananty, içerki gullugyň uly leýtananty - Polisiýanyň kapitany, içerki gullugyň kapitany - Polisiýanyň maýory, içerki gullugyň maýory - Polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi - Polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi - Polisiýanyň general-maýory, içerki gullugyň general-maýory - Polisiýanyň general-leýtenanty, içerki gullugyň general-leýtananty - Polisiýanyň general-polkownigi,içerki gullugyň genaral-polkownigi

Milisiýanyň rýadowoýy,

içerki gullugyň rýadowoýy

Milisiýanyň kiçi seržanty,

içerki gullugyň kiçi seržanty

Milisiýanyň seržanty,

içerki gullugyň seržanty

Milisiýanyň uly seržanty,

içerki gullugyň uly seržanty

Milisiýanyň kiçi leýtenanty,

içerki gullugyň kiçi leýtenanty

Milisiýanyň leýtenanty,

içerki gullugyň leýtenanty

Milisiýanyň uly leýtananty,

içerki gullugyň uly leýtananty

Milisiýanyň kapitany,

içerki gullugyň kapitany

Milisiýanyň maýory,

içerki gullugyň maýory

Milisiýanyň podpolkownigi,

içerki gullugyň podpolkownigi

Milisiýanyň polkownigi,

içerki gullugyň polkownigi

Milisiýanyň general-maýory,

içerki gullugyň general-maýory

Milisiýanyň general-leýtenanty,

içerki gullugyň general-leýtananty

Milisiýanyň general-polkownigi,içerki gullugyň genaral-polkownigi

- Polisiýanyň rýadowoýy, içerki gullugyň rýadowoýy

- Polisiýanyň kiçi seržanty,

içerki gullugyň kiçi seržanty

- Polisiýanyň seržanty,

içerki gullugyň seržanty

- Polisiýanyň uly seržanty,

içerki gullugyň uly seržanty

- Polisiýanyň kiçi leýtenanty,

içerki gullugyň kiçi leýtenanty

- Polisiýanyň leýtenanty,

içerki gullugyň leýtenanty

- Polisiýanyň uly leýtananty,

içerki gullugyň uly leýtananty

- Polisiýanyň kapitany,

içerki gullugyň kapitany

- Polisiýanyň maýory,

içerki gullugyň maýory

- Polisiýanyň podpolkownigi,

içerki gullugyň podpolkownigi

- Polisiýanyň polkownigi,

içerki gullugyň polkownigi

- Polisiýanyň general-maýory,

içerki gullugyň general-maýory

- Polisiýanyň general-leýtenanty,

içerki gullugyň general-leýtananty

- Polisiýanyň general-polkownigi,içerki gullugyň genaral-polkownigi

5. Synag komissiýalary işgäriň eýelenmäge hödürlenýän wezipä laýyklygy hakyndaky meselä garanyndan soň Türkmenistanyň Içeri işler ministri rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminden bolanlaryň bar bolan ýörite atlaryna degişli täze girizilen ýörite atlaryny täzeden yglan etmelil, generallar muňa girmeýär.

Milisiýanyň we içerki gullugyň bar bolan ýörite atlarynda gulluk edilen möhletleri täzeden yglan edilen ýörite atlarda gulluk edilen möhletlere goşmaly.

6. Rýadowoýlar we seržantlar düzüminiň ýörite atllaryny welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Içeri işler ministri dakýarlar.

Polisiýanyň, içeri işler edaralarynyň beýleki gulluklarynyň we birlikleriniň ofiserleriniň polisiýanyň we içerki gullugyň maýoryna çenli we maýory diýen ýörite atlaryny Türkmenistanyň Içeri işler ministri dakýar.

Polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi, polisiýanyň pokownigi, içerki gullugyň polkownigi diýen ýörite atlar wer generallaryň atlary Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylýar.

7. Polisiýanyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň beýleki gulluklarynyň we birlikleriniň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminden bolan adamlar içeri işler edaralarynyň işgärleriniň adyna ysnat getirýän etmişleri edendigi üçin ýörite etlardan mahrum edilip bilner.

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri düzgün-nyzamy we kanunylygy gödek bozandygy üçin ýörite etlarda peseldilip bilner.

Polisiýanyň we içerki gullugyň maýoryna çenli we maýory diýen ady bolan rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminden bolan adamlary ýörite atlardan mahrum etmek ýa-da şol atlarda peseltmek Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan geçirilýär. Peseldilenden soň ozalky atda dikeltmek eýeleýän wezipesine garamazdan, oňyn häsiýetlendirme bar mahaly Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan geçirilýär.

Seržantlar düzüminden bolan adamlar ýörite atda polisiýanyň rýadowoýyna, içerki gullugyň rýadowoýyna çenli, ofiserler düzüminden bolan adamlar bolsa – milisiýanyň kiçi leýtenantyna, içerki gullugyň kiçi leýtanantyna çenli peseldilip bilner.

Polisiýanyň podpolkownigi, içerki gullugyň podpolkownigi, polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi diýen ýörite atlary bolan adamlar we generallar diňe Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýörite atdan mahrum edilip ýa-da onda peseldilip, soňra bolsa dikeldilip bilner.

8. Içerki gullugyň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminiň ýörite atlary diňe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň hem-de Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň we olaryň bölümleriniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri üçin göz öňünde tutulýar.

9. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň harby gullukçylarynyň harby atlary hakyndaky meseleler «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

10. Içeri işler edaralarynyň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminden bolan adamlar halka, watana we Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk kasamyny kabul etmeli.

11. Içeri işler edaralarynyň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminiň Kasamynyň tekstini hem-de içeri işler edaralarynyň rýadowoýlar, seržantlar we ofiserler düzüminiň kasamy kabul etmeginiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

12. Goşu gullugyna çagyrylýanlar içeri işler edaralaryna gulluga kabul etmäge degişli däldir, ulanylýan kanunlarda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

13. Şu Perman oňa gol çekilen pursatdan başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 28-nji iýuly

№ PP-2571

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1998 ýylyň 28-nji iýulynda

çykaran № PP-2571 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň rýadowoýlarynyň,

seržantlarynyň we ofiserleriniň

KASAMY

Men - garaşsyz bitarap Türkmsnistanyň graždany, Içeri işler edaralaryna gulluga girmek bilen, Kasam kabul edýärin hem-de öz halkyma, Watanyma we Prezidentime iň soňky demime çenli wepaly bolmaga, ak ýürekli, merdana, düzgün-nyzamly, eserdeň işgär bolmaga, göreldeli gulluk etmäge, kanunlary pugta berjaý etmäge, döwlet we gulluk syrlaryny gizlin saklamaga dabaraly ýagdaýda kasam edýärin.

Men öz borçlarymy, ustawlaryň we buýruklaryň talaplaryny päk ýürekli we gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge, konstitusion gurluşy, jemgyýetçilik tertibini, şahsyýeti, eýeçiligi, adamyň we graždanyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakda zehinimi, güýç-gaýratymy, gerek bolsa şirin janymy-da gaýgyrmajakdygyma kasam edýärin.

Eger-de men şu dabaraly Kasamymy bozsam, onda, goý, maňa kanunyň bütin ýowuzlygy bilen jeza berilsin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1998 ýylyň 28-nji iýulynda

çykaran № PP-2571 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň rýadowoýlarynyň, seržantlarynyň we ofiserleriniň Kasam kabul etmeginiň tertibi hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Rýadowoýlar, Seržantlar ýa-da ofiserler düzüminden bolan polisiýanyň, içeri işler edaralarynyň beýleki gulluklarynyň we birlikleriniň her bir işgäri Kasam kabul edýär.

Kasam ýekelikde kabul edilýär.

2. Kasam:

a) rýadowoýlar we - seržantlar tarapyndan - ilkibaşdaky taýýarlygy geçenden we esasy gulluk borçlaryny, Kasamyň ähmiýetini we içeri işler edaralarynda düzgün-nyzamyň talaplaryny özleşdirenden soň, ýöne hemişelik gulluk ýerine gelen gününden başlap üç aýdan gijä galman;

b) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň okuw jaýlarynyň ozal Kasam kabul etmedik kursantlary we diňleýjileri tarapyndan - okaýanlaryň hataryna kabul edilen gunünden başlap üç aýdan gijä galman;

w) ofiserler tarapyndan - ýörite at dakylan ýa-da Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň hataryna kabul edilen gününden başlap üç aýdan gijä galman kabul edilýär.

3. Kasam dabaraly ýagdaýda, içeri işler edarasynyň başlygynyň, birligiň komandiriniň, okuw jaýynyň ýolbaşçysynyň ýolbaşçylygy astynda kabul edilýär.

Kasam kabul etmegiň dabaraly çäresine ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kollektiwleriniň wekilleri çagyrylýar.

4. Kasam kabul ediljek wagt içeri işler edarasy, birlik, okuw jaýy boýunça buýrukda yglan edilýär. Şol wagta çenli bolsa Kasamyň ähmiýeti, içeri işler edaralarynyň geçen taryhy ýoly we wezipeleri hakynda Kasam kabul etjekler bilen düşündiriş işi geçirilýär.

5. Bellenilen wagtda içeri işler edarasynyň, birligiň, okuw jaýynyň şahsy düzümi bellenilen lybasda nyzama düzülýär. Kasam kabul etjekler birinji syrgynlarda (hatarlarda) durýarlar. Içeri işler edarasynyň başlygy, birligiň komandiri, okuw jaýynyň ýolbaşçysy gysgaça söz sözläp, kasamyň ähmiýetini hem-de içeri işler edaralarynyň halka, Watana we Prezidente wepaly bolmak barada kasam kabul eden işgärleriniň üstüne ýüklenilýän hormatly we jogapkärçilikli borjuň ähmiýetini düşündirýär. Düşündiriş sözünden soň içeri işler edarasynyň başlygy, birligiň komandiri, okuw jaýynyň ýolbaşçysy «Erkin» buýrugyny berýär we Kasam kabul etmegi başlamak barada görkezme berýär.

Kasam kabul etjekler hatardan nobatma-nobat çagyrylýar we her biri nyzama düzülenleriň öňünde durup, kasamyň tekstini sesli okaýar, şondan soň kasamyň teksti ýazylan ýörite blanka hut özi gol çekýär we hatardaky öz ornuna geçýär.

Kasam kabul etmek tamamlanandan soň kasamyň teksti ýazylan blanka içeri işler edarasynyň başlygyna, birligiň komandirine, okuw jaýynyň ýolbaşçysyna gowşurylýar.

Başlyk (komandir, ýolbaşçy) Kasam kabul edenleri gutlaýar, şondan soň Türkmenistanyň Döwlet Gimni ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Döwlet Gimni ýaňlanandan soň şahsy düzüm dabaraly ýöriş bilen geçýär.

Sowuk howa ýa-da ygally mahaly kasam kabul etmek jaýyň içinde geçirilip bilner. Rýadowoýlar, seržantlar ýa-da ofiserler düzüminden bolan, bellenilen gününe haýsydyr bir sebäp bilen kasam kabul etmedik adamlar ony soňraky günlerde aýratynlykda içeri işler edarasynyň başlygynyň, birligiň komandiriniň, okuw jaýynyň ýolbaşçysynyň ýolbaşçylygy astynda kabul edýärler.

6. Kasamyň teksti ýazylan we kasam kabul edeniň goly goýlan blanka kasam kabul eden işgäriň şahsy işine goşulýar.

7. Şu Düzgünnamanyň wagtynda we takyk ýerine ýetirilmegi hem-de rýadowoýlaryň, seržantlaryň ýa-da ofiserleriň ählisiniň kasam kabul etmegini hasaba almak üçin jogapkärçilik işeri işler edarasynyň başlygynyň, birligiň komandiriniň, okuw jaýynyň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenilýär.