Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky Maksatnamasyny tassyklamak barada

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky Maksatnamasyny tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky Maksatnamasyny tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 7, 7341-nji madda)

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen hem-de utgaşdyrylan çäreleri amala aşyrmak, milli nebitgaz senagatyny pugtalandyrmak maksady bilen we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Tülkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky Mahsatnamasyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky Maksatnamasyna girizilýän uýtgetmelere hem-de goşmaçalara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edaranyň Ekspert geňeşi garamaly we olary tassyklamak üçin Türkmenistanyň Prezidentine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 22-nji iýuly

№ PP-2562

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1998-nji ýylyň 22-nji iýulynda

çykaran № PP-2562 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1998 - 1999 ýyllarda uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermek hakyndaky

MAKSATNAMASY*(*Mundan beýläk ygtyýarnama bermek baradaky maksatnama diýlip adlandyrylýar)

Esasy düzgünler

Nebittaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýadlaýyn pudagy bolup durýar. Öňde duran ýyllarda nebitgaz senagatyny ösdürmek tutuş Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň gelejegi babatda makroykdysady özgertmeleriň döwründe energetik howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem, Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna kem-kemden goşulyşmagyny nazara almak bilen hem kesgitleýji ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Prezpdenti Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny gündelik we uzak möhletleýin ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Türkmsnistanyň Prezidentiniň maýa syýasatynyň köp babatda hut uglewodorod serişdelerini ösdürmek ugrunda hill taýdan täze goýum goýmak giňişligini emele getirmäge esaslanýandygy ýöne ýere däl.

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan, 1997 ýylda kabul edilen Kanun döwletimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyrynyň başlangyjy boldy. Kanun arkaly tassyklanylan, halkara nebitgaz kompanýalary bilen açyk hyzmatdaşlyk etmegiň ýörelgeleri, nebitgaz baradaky operasiýalara ygtyýarnama bermegiň kadalarynyň we amallarynyň açyk aýdyn bolmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edaranyň we nebit potratçylarynyň anyk borçlarynyň hem-de lukuklarynyň aýdňlygy gysga möhletde Türkmenistanyň halkara maýa goýumy babatdaky abraýyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze goýum goýmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlanmagy netijesinde Türkmenistanyň nebitgaz senagaty daşary ýurtly maýa goýumçylaryň giň toparynyň, aýratyn-da daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda köp üns berilýän pudaga öwrülýär. Türkmenistanyň hazarýaka döwletleriň arasynda ilkinji bolup deňiz meýdançalarynda uglewodorodlary gözlemek hem-de çykarmak barada açyk halkara tenderini geçirdi. Türkmenistanyň gury ýerler ýataklarynda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryny durmuşa geçirmeklik üstünlikli başlady. Türkmenistanyň milli nebitgaz çykaryjy kärhanalarynyň uglewodorodlary gözlemegiň we çykarmagyň taslamalaryna ygtyýarnama bermegi boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň wezipeleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň goýum goýmak syýasatynda nebitgaz senagatyny uzak möhletleýin üstünlikli ösdürmegiň döredilen binýady geljekki müňýyllygyň başlanmagyna çenli galan döwürde iş ýüzünde mundan beýläk-de durmuşa geçirilmelidir. Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça açyk ugry, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanununy, şeýle hem barha pugtalanýan sosial-ykdysady durnuklylyk Türkmenistana başlanan üstünliklerini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Şu döwürde çözülmeli has möhüm wezipeleriň hatarynda milli nebitgaz senagatyny pugtalandyrmak, 1998-1999 ýyllarda ony «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyň ruhuna laýyklykda işlemäge geçirmek wezipelerini görkezmek bolar. Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezndentiniň ýolbaşçylygy astynda alnyp barylýan iş açyk-aýdyň maýa goýmak işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirmegine getirer, milli senagatyň mysalynda taslamalar boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň ygtybarly hyzmatdaşyny çykarmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň eksport strategiýasyny ösdürmek, şol sanda eksport turba akabalarynyň çig mal binýadyny ösdürmek, olary gurmak we ulanmak, gözlemek, çykarmak, daşamak we ýerlemek taslamalaryny toplumlaýyn dolandyrmak üçin hem wezipeleriň toplumy durmuşa geçirilmäge degişlidir. Şu taslamalaryň töwerekleýin häsiýeti nazara alnyp, 1998-1999 ýyllar döwründe eksport turba akabalarynyň çig mal binýadyny emele getirýän gaz we nebit ýataklaryna hem-de geljegi uly meýdanlara ygtyýarnama bermek esasy iş bolar.

Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň ýörelgeleri

«Uglewodorod «serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şertnamalaýyn territoriýada uglewodorod serişdelerini gözlemek we ýa-da çykarmak, önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklary baglaşmak arkaly ygtyýarnama berilmegine degişlidir. Önümleri paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997 ýylyň 6 iýunynda çykaran № 3186 karary bilen tassyklanylan nusgalyk ylalaşyga esaslanýar. Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edara we nebit potratçysy (milli daşary ýurt kompaniýalary olaryň edara görnüşindäki tarapy döretmezden konsorsiumlary)*(*Konsorsium bilen önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyk baglaşylan mahaly konsorsiuma gatnaşyjylar tarapyndan döredilen, konsorsiumyň dolandyryjy kompaniýasy ýa-da serenjamçy kompaniýasy ygtyýarnama bermegiň subýekti bolup durýar) önümleri paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň taraplary bolup çykyş edýärler. Ygtyýarnama bermek önümleri paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň meselesi baradaky gepleşiklar netijesinde ýa bolmasa göni gepleşikler boýunça, ýa-da açyk bäsleşikli söwdanyň (tenderiň) netijeleri- boýunça amala aşyrylýar. Ygtýarnama bermek baradaky maksatnamanyň çäreleriniň sanawyna laýyklykda Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnama yzygiderli wagtda üç tapgyrda amala aşyrylýar. Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň çäreleriniň planynyň her tapgyrynda Türkmenistanyň hem gury ýerinde, hem deňiz ýalpagynda şertnamalaýyn ýerlerde, şol sanda hem suwuk, hem gaz görnüşli uglewodorodlaryň köp serişdeleri bolan şertnamalaýyn territoriýalarda hem milli hem daşary ýurt kompaniýalarynyň nebit operasiýalaryna ygtyýarnama bermek göz öňünde tutulýar. Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň çäreleriniň möhleti görkezilen sanawyna Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylyp üýtgetmeler girizilýär, şol sanda şertnamalaýyn territoriýalar goşulýar ýa-da äýrylýar.

Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň çäreleriniň möhleti görkezilen sanawy

Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň çäreleriniň möhleti görkezilen sanawy birinji (1998 ýylyň II ýarymy), ikinji 1999 ýylyň I ýarymy) we üçünji (1999 ýylyň II ýarymy) tapgyrdan ybaratdyr.

Birinji tapgyr. Birinji tapgyryň wezipesi - Hazaryň türkmen ýalpagynyň uglewodorodlaryny gözlemek we çykarmak boýunça halkara tenderiniň birinji tapgyrynyň, daşary ýurt kompaniýalary bilen beýleki şertleşikleriň netijelerini berkitmek şeýle hem milli nebitgaz senagatynyň gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermäge iş ýüzünde geçmäge başlamagy.

Şertnamalaýyn territoriýalaryň umumy sany - 6.

Gury ýerdäki şertnamalaýyn territoriýalar - 3, ýalpakdaky - 3.

Gözlemäge ygtyýarnama bermek - 2, gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermek - 4.

Milli kompaniýa ygtyýarnama bermek - 2, daşary ýurt kompaniýalaryna ygtyýarnama bermek - 4.

Tender boýunça ygtyýarnama bermek - 2, göni gepleşikler boýunça ygtyýarnama bermek - 4.

1. «Mobil» (ABŞ) we «Monument» (Beýik Britaniýa) kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň kesgitlemegi boýunça «Garaşsyzlyk-2» şertnamalaýyn territoriýasy. «Monument» Beýik Britaniýa kompaniýasy we «Türkmennebit» döwlet konserni (milli nebitgaz kompaniýasy) bilen konsorsiumyň dolandyryjysy hökmünde «Mobil» (ABŞ) kompaniýasyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek.Göni gepleşikler.

2. «Mobil» (ABŞ) we «Monument» (Beýik Britaniýa) kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň kesgitlemegi boýunça «Garaşsyzlyk-1» şertnamalaýyn territoriýasy, «Türkmennebit» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

3. Gamyşlyja, Günorta Gamyşlyja, Ekerem, Demirgazyk Ekerem, Körpeje, Şatut, Nebitlije ýataklarynyň toparyny we olara ýanaşyk geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Ekerem» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

4. «Gaplaň» şertnamalaýyn territoriýasy. «Teksuna» (Gonkoň, XXP) kompaniýasy we «Türkmennebit» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) bilen konsorsiumyň dolandyryjysy hökmünde «Kern» komaniýasyna (Beýik Britaniýa) ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (No:14), gözlemek. Tender.

5. «Serdar» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserni (nilli nebitgaz kompaniýasy) bilen konsorsiumyň dolandyryjysy hökmünde «Mobil» kompaniýasyna (ABŞ) ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (No: 30), gözlemek we çykarmak. Tender.

6. Lam ýatagyny, Ždanow bankasyny, Çelekenýaka gümmezi we olara ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Çeleken» şertnamalaýyn territoriýasy. «Larmag-Çeleken» bilelikdäki kärhanasyny özgertmek arkaly «Türkmennebit» döwlet konserni (milli nebitgaz kompaniýasy) bilen konsorsiumyň dolandyryjysy hökmünde hökmünde «Dragon oil» kompaniýasyna (Irlandiýa) ygtyýarnama berilýär. «Larmag- Çeleken», ýalpak, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

Ikinji tapgyr. Ikinji tapgyryň wezipesi - birinji tapgyryň netijelerini berkitmek, milli nebitgaz senagatynyň gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermegi dowam etdirmegi, eksport turba akabalarynyň, çig mal binýadyny gözlemäge we çykarmaga belli bir maksatly ygtyýarnama bermegi başlamak.

Şertnamalaýyn territoriýalaryň umumy sany - 11.

Gury ýeriň şertnamalaýyn territoriýalary - 4, ýalpak - 7.

Gözlemäge ygtyýarnama bermek - 9, gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermek - 2.

Milli kompaniýa ygtyýarnama bermek - 2, daşary ýurt kompaniýaryna ygtyýarnama bermek - 9.

Tender boýunça ygtyýarnama bermek - 0, göni gepleşikler ygtyýarnama bermek - 11.

1. Amyderýanyň sag kenarynyň geljegi uly meýdanlaryny öz içine alýan «Sagkenar» şertnamalaýyn territoriýasy.

«Türkmengaz döwlet konserniniň, (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

2. Şatlyk, Maý, Tejen topar ýataklaryny we olara ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny (duzasty gatlak) öz içine alýan «Şatlyk- 2» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmengaz döwlet konserniniň, (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

3. Şatlyk, Maý, Tejen topar ýataklaryny we olara ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny (şatlyk gorizonty) öz içine alýan «Şatlyk-1» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmengaz» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

4. Malaý, Bäşgyzyl, Ýelguýy ýataklaryna we olara ýanaşyk geljegi uly, gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Malaý» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmengaz» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) yggyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

5. «Gypjak» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär.Ýalpak (№9), gözlemek. Göni gepleşikler.

6. «Garagurt» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompannýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär.Ýalpak (№15), gözlemek. Göni gepleşikler.

7. «Aždar» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№21), gözlemek. Göni gepleşikler.

8. «Laçyn» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№25), gözlemek. Göni gepleşikler.

9. «Bürgüt» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 26), gözlemek. Göni gepleşikler.

10. «Ýolbars» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 27), gözlemek. Göni gepleşikler.

11. «Gyzylguş» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 28), gözlemek. Göni gepleşikler.

Üçünji tapgyr. Üçünji tapgyryň wezipesi - milli nebitgaz senagatynyň gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermäge geçmegini tamamlamak. Türkmenistanyň halkara nebitgaz senagatyna goşulyşmagyny berkitmek.

Şertnamalaýyn territoriýalaryň umumysany - 13,

Gury ýeriň şertnamalaýyn terrýatoriýalary - 7, ýalpak - 6.

Gözlemäge ygtyýarnama bermek - 10, gözlemäge we çykarmaga ygtyýarnama bermek - 3.

Milli kompaniýa ygtyýarnama bermek - 4, daşary ýurt kompaniýalaryna ygtyýarnama bermek – 9.

Tender boýunça ygtyýarnama bermek - 6, göni gepleşikler boýunça ygtyýarnama bermek – 7.

1. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň geljegi uly meýdanlaryny (Gökje, Togalak, Gaýalyja, Ajyýap, Esenguly) öz içine alýan «Ajyýap» şertnamalaýyn territoriýasy «Türkmennebit» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

2. Kelköri we oňa ýanaşyk geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Kelkör» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

3. «Garabogazköl» aýlagynyň demirgazygyndaky geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Garabogaz» şertnamalaýyn territoriýasy. «'Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler,

4. Kyrk gezli» ýataklar toparyny we geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Kyrk» şertnamalaýyn territoriýasy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek. Göni gepleşikler.

5. Döwletabat - Dönmez ýataklaryny we oňa ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Döwletabat» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmengaz» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

6. Garajaowlak ýataklar toparyny we oňa ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Garajaowlak» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmengaz» döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

7. Ojak, Naýyp ýataklaryny we olara ýanaşyk, geljegi uly gözleg meýdanlaryny öz içine alýan «Naýyp» şertnamalaýyn territoriýasy. Türkmengaz döwlet konsernine (milli nebitgaz kompaniýasy) ygtyýarnama berilýär. Gury ýer, gözlemek we çykarmak. Göni gepleşikler.

8. «Çarlak» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompamiýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (No:
10) gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

9. «Ýekegapan» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 13), gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

10. «Kepjebaş» şertnamalaýyn territoriýasy» «Türkmennebit döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 19), gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

11. «Zemzen» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň, (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär. Ýalpak (№ 20), gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

12. «Bars» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär.Ýalpak (№ 22), gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

13. «Durna» şertnamalaýyn territoriýasy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň (milli nebitgaz kompaniýasy) gatnaşmagy bilen konsorsiumyň daşary ýurtly dolandyryjysyna ygtyýarnama berilýär.Ýalpak (№ 23), gözlemek. Halkara tenderiniň ikinji tapgyry.

Maglumat

Her bir şertnamalaýyn territoriýanyň häsiýetnamalary hakndaky maglumatlar, şol sanda geologiýa, geofizika barlaglarynyň maglumatlary, beýleki tehniki dokumentler ygtyýarnama bermek işine taýýarlyk görülýän mahaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly tarapyndan:

göni gepleşikler arkaly ygtyýarnama berlen mahaly - şertnamalaýyn terrntoriýany bilelikde barlamak hakynda ylalaşyklary bglaşmak arkaly;

tender geçirmek arkaly ygtgýarnama berlen mahaly - maglumatlaryň tehniki bukjasyny edinmek arkaly berilýär

Gepleşikler

Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyk baglaşmak baradaky gepleşikler «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň düzgünleri esasynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edaranyň işiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 16 iýunynda çykaran № 3739 karary bilen tassyklanylan Içerki tertibine laýyklykda geçirilýär.

Hasabatlylyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edara Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hakyndaky hasabaty iki aýda bir gezek Türkmenistanyň Prezidentine berýär. Ygtyýarnama bermek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hakyndaky islendik maglumaty sorap almaga we döwlet dolandyryş edaralaryna şeýle hem nebitçi potratçylarynyň degişli hasabatlylygynyň görnüşlerini bellemäge Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edaranyň hukugy bardyr.

References