Galla baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Galla baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 7, 7335-nji madda)
Türkmenistanyň halkyny öz topragymyzda öndürilen bugdaý bilen bolelin üpjün etmek, babadaýhanlarymyzyň, halal zähmetiniň sarpasyny artdyrmak, çörege iň mukaddes zatlaryň biri hökmünde hormat goýan ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýermek hem-de ýurdumyzyň ýaşulularynyň haýyşyny nazara alyp, karar edýärin:
Her ýylyň iýul aýynyň uçünji ýekşenbesinde – Galla baýramyny bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 16-njy iýuly
№ PP-2554