Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 7, 7332-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýaşlary Watany söýmek ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, ýurdumyzda durnuklylygy, halkymyzyň jebisligini we bitewiligini üpjün etmäge goşan goşandy üçin, şeýle hem ilat arasyndaky uly abraýy nazara alyp:

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň başlygynyň orunbasary Garly Annalyýewe,

Aşgabat şäheriniň № 37 dünýewi mekdebiniň direktory Welnazar Annanepesowa,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Çary Annaesenowa,

Balkan welaýatynyň ymamy Amanberdi Arazowa,

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäherinden pensioner Gurban Artykowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň başlygy Ýagşymyrat Atamyradowa,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan pensioner Allaberen Bekdurdyýewe,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Ažyýap» daýhan birleşiginiň brigadiri Amanmämmet Gurbantuwakowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Daşhowuzsuwgurluşyk» önümçilik birleşiginiň gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Rejep Meredowa,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ymamy Hudaýguly Murtazaýewe.

Garagum žurnalynyň baş redaktory Sapar Öräýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Kuly Taňryberdiýewe,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ýaşulular geňeşiniň, başlygy Akmyrat Hümmedowa,

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy Berdinazar Hudaýnazarowa «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 9-njy iýuly

№ PP-2551